Ýurdumyzyň raýatlarynyň pensiýa üpjünçiligine hukuklary Türkmenistanyň Ilaty durmuş taýdan goramak hakynda kodeksi bilen berkidilendir.
Pensiýa – ilaty durmuş taýdan goramagyň bir bölegi bolup, döwlet pensiýa ätiýaçlandyrmasy ulgamynda ätiýaçlandyrylan şahslara, ätiýaçlandyrylan halat ýüze çykanda tölenilýän pul görnüşindäki töleg.
Türkmenistanda pensiýalaryň şu aşakdaky görnüşleri bellenilýär:
- ýaşy boýunça pensiýa;
- gulluk ýyllary boýunça pensiýa;
- hünär pensiýasy;
- maýyplyk boýunça pensiýa;
- ekleýjisini ýitirendigi boýunça pensiýa;
- toplaýyş pensiýasy.
Toplaýyş pensiýadan başga, pensiýalaryň ählisi Türkmenistanyň Pensiýa gaznasynyň hökmany pensiýa ätiýaçlandyrmasy, hökmany hünär pensiýa ätiýaçlandyrmasy boýunça gatançlaryň hasabyna döredilen we beýleki çeşmelerden gelen serişdeleriň hasabyna maliýeleşdirilýär. Toplaýyş pensiýasy bolsa, toplaýyş pensiýa maýasynyň hasabyna maliýeleşdirilýär.
Ýurdumyzda bellenilýän pensiýalaryň her bir görnüşi üçin, erkek adamlara we aýal maşgalalara belli bir ýaş kesgitlenendir. Mysal üçin ýaşy boýunça pensiýa hökmany pensiýa ätiýaçlandyrmasyna gatnaşygy bäş ýyldan az bolmadyk, 62 ýaşy dolan erkek adamlaryň, 57 ýaşy dolan aýal maşgalalaryň hukugy bardyr. Gulluk ýyllary boýunça pensiýa gulluk döwri 25 ýyldan az bolmadyk we şol döwürde hökmany pensiýa ätiýaçlandyrmasyna hem-de hökmany hünär pensiýa ätiýaçlandyrmasyna gatnaşygy bolan, 52 ýaşy dolan erkek adamlaryň hem-de gulluk döwri 20 ýyldan az bolmadyk we şol döwürde hökmany pensiýa ätiýaçlandyrmasyna hem-de hökmany hünär pensiýa ätiýaçlandyrmasyna gatnaşygy bolan, 48 ýaşy dolan aýal maşgalalaryň hukugy bardyr.
Raýatlar pensiýa bellenilmegi üçin hemişelik ýaşaýan ýeri boýunça Türkmenistanyň Pensiýa gaznasynyň ýerli edarasyna arza bilen ýüz tutýarlar. Arzanyň ýanyna şu aşakdaky resminamalar goşulýar:
- pasportyň (ornuny tutýan resminamanyň) nusgasy;
- çagalaryň dogluş hakynda şahadatnamalarynyň nusgasy we olary sekiz ýaşyna çenli terbiýeländigine şaýatlyk edýän resminamalar (ýaşy boýunça pensiýa ir çykmaga hukugy bolan aýal maşgalalar üçin);
- aýratyn döwürlerini tassyklaýan resminamalar;
- zähmet depderçesiniň (ornuny tutýan resminamanyň) nusgasy;
Resminamalar tabşyrylandan soň on senenama gününiň dowamynda seredilýär. Türkmenistanyň Pensiýa gaznasynyň ýerli edarasy kärhanalardan, edaralardan, guramalardan ýa-da arhiwlerden goşmaça resminamalar we maglumatlar talap etmäge haklydyr.