FPS nämäni aňladýar?

0
28275

Her bir täze oýunçy ir-u-giç FPS adalgasy bilen ýüzbe-ýüz bolup, soňlugy bilen onuň kompýuter oýunlarynyň wideoşekilleriniň hili bilen bagly düşünjedigini öwrenýär.

FPS nämäni aňladýar?

FPS-niň doly atlandyrylyşy «Frames per second» bolup, terjime edilende «bir sekunddaky şekilleriň(kadrlaryň) sany» diýmegi aňladýar. Gürrüň kompýuteriň wideokartasynyň programma üpjünçiligi ýa-da DVD arkaly görkezilýän monitoryň we telewizoryň ekrany barada barýar. Ol kompýuteriň wideoulgamynyň öndürijiligini we şekilleriniň(kadr) hilini häsiýetlendirýär.

FPS kompýuter oýunlaryndaky suratyň hiliniň iň möhüm görkezijileriniň biridir. Bu monitoryň ekranynda bir sekundyň dowamynda biri-biri bilen çalyşýan suratyň hakykylygyny görkezýän şekilleriniň sanydyr. Adamyň görüjiligi, takmynan bir sekundda 60 şekili kabul etmäge ukyplydyr. Häzirki zaman kompýuter monitorlarynyň ekranlarynyň şekil täzeleýiş tizligi bolsa 60 Gs-den başlap, ondan hem ýokary görkezijilere ýetýär. Şonuň üçin-de biz kompýuter bilen işlenende ekranyň öçüksi şöhlesini duýmaýarys.

Şundan ugur alsaň, «Gers» bilen FPS şol bir düşünje ýaly görünýär. Hakykatda bolsa, bu özara meňzeş düşünjelerdir. Gers wagt birliginde gaýtalanýan şekilleriň sanyny, kompýuter bilen baglylykda bolsa bir sekundda ekranyň täzelenişiniň sanyny aňladýar. FPS düşünjesi bir sekundyň dowamynda wideonyň bir şekiliniň beýleki şekil bilen näçe gezek çalyşýandygyny aňladýandyr.

Şonuň üçin-de FPS-iň görkezijisi näçe pes boldugyça, wideo oýnuň suratynyň hili ýaramazdyr. Şeýle halatda oýunçy diňe oýun keşpleriniň haýaldygyny, hereketleriň kesilendigini, ýagny biri-biri bilen çalşygynyň gödekligini görüp bilýär. Bu ýagdaý, aýratyn-da, «ýaý atmak» hem-de «maşyn ýaryşy» ýaly ýeňşiň oýunçynyň hereket tizligine bagly bolan oýunlarynda görnetin duýulýar. Şunuň bilen baglylykda, FPS görkezijisi näçe ýokary boldugyça, wideogörnüşleriň hem-de oýnuň tizliginiň hiliniň gowudygy öz-özünden düşnüklidir.

FPS-iň ortaça görkezijisi nähili bolmaly?

Tejribeli oýunçylar wideooýunlaryň gyzgalaňlylygy üçin onuň ortaça görkezijisiniň 60 bolmalydygyny belleýärler. Tizligi talap etmeýän haýal görnüşli oýunlarda bu görkeziji 30 ― 50 aralygynda hem bolup biler. Şeýle häsiýetli oýunlaryň hatda 20 FPS bilen hem oňat işleýändigini aýdýarlar.

Eger sizde 60 Gs görkezýän adaty LCD monitor bar bolsa, onda FPS-iň 60 we 90 sanly görkezijilerini saýgaryp hem-de tapawudyny duýup bilmersiňiz. Sebäbi adamyň görüjilik ukyby bir sekundda 50 şekil görüp bilýär. Şonuň üçin-de beýle monitorlar FPS-iň 60 görkezijisini şekillendirmäge niýetlenilmeýär hem-de ony saýgarmaga adamyň görüjilik ukyby ýetmeýär. Diňe monitoryň 60 Gs ýokary görkezijini şekillendirmäge ukyply bolan ýagdaýynda FPS-i ýokarlandyrmaga meýil edip bolar.

Şeýle hem gowşak prosessorly ýa-da köne ekranly kompýutere güýçli wideokartany ýüklemek manysyzdyr. Sebäbi gowy netije üçin güýçli wideokartanyň, döwrebap prosessoryň hem-de täze monitoryň bilelikde işlemegi gerekdir.

FPS-iň derejesi birnäçe ulgamlaryň işine, şol sanda wideokartanyň häsiýetine, ekranyň täzeleniş tizligine, prosessoryň kuwwatlylygyna, kompýuteriň işjeň ýadyna, toruň tizligine we antiwirusyň işleýşine öz täsirini ýetirip bilýär. FPS-iň görkezijisini diňe ýöriteleşdirilen utilitler hem-de oýna birikdirilen enjamlar arkaly ölçäp bolýar. Mysal üçin: Counter Strike – bu cl_showfps 1 bolup, onda mugt Fraps programmasyndan peýdalanylýar.

Şekilleriň ýygylygy näçe ýokary boldugyça, kompýutere şonça köp agram düşýär. Şunlukda, kompýuterde oýun bilen ugurdaş iş alnyp barlanda onuň öndürijiligi peselýär. Tehnika ýeterlik derejede kuwwatly bolmadyk halatynda FPS pese gaçýar we detallaşdyrmagyň käbir  sazlamalaryny el bilen üýtgetmeli bolýar. Mysal üçin, haýsydyr bir ulgamyň işini öçürmek(antiwirus) ýa-da ekranyň mümkinçiliklerini azaltmak. Şeýle hem bolsa ekranyň şekilleriniň aýyl-saýyllygynda ýaramaz täsir saklanyp galýar we käbir ownuk bölejikleri saýgaryp bolmaýar.

Onlaýn oýunlarynyň oňaýlylyk derejesini «FPS/ping» sazlaşygy kesgitleýär(ping – bu torda elýeterliligi we onuň jogap berijilik tizligini barlaýan buýruk. Ping näçe ýokary boldugyça, jogap berijiligiň wagty köp, baglanyşygyň hili pes we tersine). Şonuň üçin-de oňat oýun üçin FPS ýokary, ping bolsa pes derejede bolmalydyr.

Şeýle hem bolsa onlaýn oýunlarynda internet baglanyşygynyň hili we tizligi juda möhümdir. Şunda nyrh meýilnamanyň mümkinçiliklerinden hem peýdalanyp bolýar. Emma bu usul hemişe oýny ýeterlik hil hem tizlik derejesi bilen üpjün etmeýär. Internetiň tizligini ýokarlandyrmak maksady bilen «Türkmentelekom» tarapyndan aýratyn oýun nyrnamasy hödürlenilýär. Bir aýda 200 manatlyk tölegi bolan bu nyrhnama internetiň tizligini bir sekundda 5 MgB-e çenli artdyrmaga ýardam edýär. Bu bolsa öý internetiniň ortaça tizliginden görnetin ýokarydyr. Nyrhnama World of Tanks, Warface, War Thunder we beýleki oýunlary hem oýnamaga mümkinçilik berýär.

 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar