Soňky habarlar

Arhiw

Döwlet durmuş kömek pullaryny almaga kimler hukukly we onuň möçberi nähili?

0
39580

Pensiýa almaga hukugy bolmadyk  62 ýaşa ýeten erkek adamlar we 57 ýaşa ýeten aýal maşgalalaryň döwlet durmuş kömek pullaryny almaklyga hukuklary bar. 

Döwlet kömek pullary hasabyny çykarmak üçin kesgitlenen başlangyç mukdarynyň (döwlet kömek pullarynyň hasabyny çykarmak üçin başlangyç möçberi 2020-nji ýyl üçin 322 manat, 2021-nji ýyl üçin 354 manat) 70 göterimi möçberinde döwlet durmuş  kömek pullary kesgitlenilýär. 

Döwlet durmuş kömek pullaryny almak üçin nähili resminamalar zerur?

Döwlet durmuş kömek pullaryny almak üçin hemişelik ýaşaýan ýerinden Türkmenistanyň pensiýa gaznasynyň ýerli bölümine ýüz tutmaly.  Döwlet durmuş kömek pullaryny almaklyk üçin bellenen nusgadaky arzany, pasportyň (deregini tutýan resminamanyň) göçürmesini bermeli. 

Haýsy ýagdaýlarda tölegler bes edilýär?

Döwlet durmuş kömek pullary şahsyň Türkmenistanyň çäginden hemişelik ýaşaýyş ýerini üýtgeden ýagdaýynda, pensiýa (döwlet kömek pullarynyň) berlip başlanmagy bilen ýa-da şahsyň aradan çykmagy bilen.

 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar