Soňky habarlar

Arhiw

Size nähili gyzdyryjy gerekdigini nädip çözmeli?

0
9669

Häzirki zaman senagaty ýaşaýyş jaýlaryny gyzdyrmak üçin serişdeleriň köp görnüşini hödürleýär. Eger öňki görnüşler adaty spiral gyzdyryjylar bilen çäklenen bolsa, indi bu köpdürlilik gözüňi dokundyrýar. Öz öýüň üçin aljyraman nädip has “dogry” gyzdyryjyny saýlamaly? Bu soragy has aýdyňlaşdyrmak üçin biz Türkmenistanyň bazarynda eýýäm 10 ýyldan bäri klimat ulgamynyň satuw we gurnama pudagynda öz hyzmatlaryny üstünlikli hödürleýän “Salkyn otag” kärhananyň hünärmenlerine ýüz tutduk.

Kärhana hünärmenleriniň belleýşi ýaly, ilki bilen adamzat häli şindi ideal gyzdyryjylary döretmändigine düşünmek gerek. Aşakda gürrüňi ediljek her bir serişdeleriň artykmaçlyklary we kemçilikleri bar, olaryň her birini kesgitli şertlerde we otaglarda ulanmak has ýerlikli bolar.

  • Soňky ýyllaryň dowamynda iň giň ýaýran görnüşleriň biri-ýagly radiator. Ol tygşytly, howpsuz, haýal sowaýar (özi hem uzak wagtlap gyzýar we otagy haýal gyzdyrýar), howany guraklandyrmaýar hem diýip bolar we otaglardaky kislorody “ýakmaýar”, galmagalsyz. Otaglary ýeterlikli derejede gyzdyryp bilýär we temperatura kadalaşdyryjy termostatyň hasabyna gije-gündiz ulanylyp bilner. Kemçiligi - onuň agyrlygy we ykjamlylygyň pesligi. Ýagly gyzdyryjyny ondan ýagyň akýandygyny ýüze çykarsaňyz ulanmak bolmaýar – bu ýagdaý ýangyna getirip biler. 

  • Iň girdejili, ýöne rasional däl görnüş – spiral gyzdyryjysy hasaplanýar. Olar otagy örän çalt, ýöne deň dereje gyzdyrmaýar, üstesine-de onuň birnäçe howply häsiýetleri bar. Ol otagdaky kislorody güýçli “ýakýar“, howany guraklandyrýar, enjamyň has gyzmagynyň öňüni alýan awtomatiki termostaty ýok, agdarylan ýagdaýynda ýangyna sebäp bolup biler, ýanan tozanyň ýa-da plastikanyň ýakymsyz ysyny ýygy – ýygydan çykarýar (eger korpusy pes hilli materiallardan ýasalan bolsa). Şeýle-de spiral “peçleri” elektrik energiýasyny örän köp sap edýär. 

  • Infragyzyl gyzdyryjylary howany däl-de daş-töwerekdäki enjamlary gyzdyrmak üçin ulanylýan ýerler üçin örän amatlydyr. Bu ýagdaý kwars turbajyklaryň ýa-da kwars çyrajyklaryň çykarýan infragyzyl şöhlelenmäniň hasabyna bolup geçýär. Bu görnüşli gyzdyryjylaryň daşky görnüşi köpdürlidir: käbirleri adaty spiral gyzdyryjylary ýatladýar, käbirleri bolsa aýna, potolok ýa-da diwar panellary emele getirýär, käwagt  bolsa suratlaryň ýa-da şpalýerleriň astynda bezelen bolup biler.

 

Infragyzyl gyzdyryjylary ýaşaýyş jaýlaryny, aýratyn hem ýatylýan otaglary hemişelik gyzdyrmak üçin ulanmaklyk maslahat berilmeýär, sebäbi olaryň şöhlelenmesiniň adama edýän täsiri doly öwrenilmedik. Bu görnüşli gyzdyryjylary jaýyň açyk eýwanlarynda, hammam otaglarynda, açyk telärlerde gurnamak has ýerlikli bolar. Satyn alnanda uzak tolkuny şöhlelenmeli modelleri (IR-C) saýlamaklyk maslahat berilýär, gurnalmakda bolsa gyzdyryjynyň golaýynda ýerleşýän predmetlere üns bermeli – olaryň käbirleri ýylylygyň täsiri astynda bozulyp biler. Infragyzyl gyzdyryjylarynyň kemçilikleriniň arasynda gymmat bahaly we çylşyrymly gurnama işlerini (diwarlara ýa-da potologa gurnalýan paneller bolan ýagdaýynda) ýüze çykarmak mümkin. 

  • Ýylylyk örtügi: esasan diwara şemalyň köp bolan ýerinde – aýna ýa-da gapy ýerleriniň üstünden ýa-da yzygider açylyp we ýapylyp durýan otaglarda, mysal üçin söwda merkezleriň gapylarynyň üstünde gurnalýar. Uly göwrümli otaglary gyzdyrmaga bularyň mümkinçiligi ýok. 

  • Konwektor sowuk howany aşakdan çekip alýar we ony gyzdyrýar, mundan soň ýyly howa otaga ýokardaky ýörite deşikler arkaly ýaýraýar. Adatça içinde gelýän wentilýator bilen gurnalmadyk, ýöne käbir modellerde duş gelip bilýär. az meýdany tutýar we gelşikli görünýär. Korpusy 90 gradusdan ýokary gyzmaýar, bu bolsa birden eliň degen ýagdaýynda bişirip almak mümkinçiligini peseldýär, ony otaglarda süýşürip bolşy ýaly, diwarda hem ýerleşdirip bolar. Temperatura kadalaşdyryjysy bar, ol gyzdyryş hemişe däl-de, berlen ölçegleri saklamak üçin işleýär. Konwektory gije-gündiz ulanmak mümkin, ol bütinleý galmagalsyz diýen ýaly, goşmaça hiç hili ys bermeýär we üstesine-de elektrik energiýasyny tygşytly sarp edýär. Şeýle gyzdyryjylary saýlanda “Ballu” atly markanyň gyzdyryjylaryna üns bermekligi maslahat berýärler, olar şäher öýleri, taunhauslary, şäheriň golaýyndaky öýleri, daçalar, ofisleri we otaglaryň beýleki görnüşleri üçin uniwersal hasaplanylýar. 

Gyzdyryjylaryň ähli modelleriniň diýen ýaly goragy bar, olar enjam gyzan ýa-da agdarylan ýagdaýynda öçýär, käbirlerine aralykdan dolandyrmak üçin pult we hereket etmesi belli bir wagta goýup bolýan taýmer ýa-da otagda temperatura peselen ýagdaýynda enjamy ýakýan temperatura datçigi gurnalan bolup biler. Bluetooth ýa-da Wi-fi-ly modeller “akylly öý”ulgamyna ýerleşdirilip bilner. 

Bularyň barysy – häzirki zaman gyzdyryjy enjamlaryň gysgaça gözden geçirmesi. Siziň ýaşaýyş jaýyňyza haýsysynyň laýyk geljegini çözmek siziň eliňizdedir, ýöne olaryň ählisi hem peýdalanyş we ulanyş gözükdirmesi berk berjaý edilmelidir.

Goşmaça maglumatlar üçin “Salkyn otag” kärhanasynyň maslahatçysyna (+99365) 50 80 60 belgi boýunça habarlaşyp bilersiňiz ýa-da kataloga geçmek üçin şu saýta geçip bilersiňiz.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar