Türkmenistanda uly ýaşly adamlaryň adyny, familiýasyny ýa-da atasynyň adyny nädip üýtgetmeli

0
15581

Täze at (atasynyň ady, familiýasy) bilen pasport almagyň kynçylygy ýok. Ýeke-täk hökmany şert - ýaşyňyzyň 18-den uly bolmazlygy. Agzalan ýaşda siz adyňyzy, ataňyzyň adyny we familiýaňyzy islendik wagt öz islegiňize görä üýtgedip bilersiňiz.

Resminamalary nirä tabşyrmaly? 

Familiýanyň, adyň we ataňyzyň adyny üýtgetmek hemişelik ýaşaýan ýeriňiz boýunça Türkmenistanyň Raýat ýagdaýynyň  namalar ýazgysynyň (RÝNÝ) guramalary tarapyndan amala aşyrylýar.

Haýsy ýagdaýlarda adyňy üýtgedip bolýar? 

Eger agzalan şahs şu aşakdakylara isleg bildirýän bolsa, özüniň hemişelik ýaşaýan ýeri boýunça RÝNÝ guramasyna adyny, familiýasyny we atasynyň adyny üýtgedip biler:

1. Gulaga ýakymsyz ýa-da aýdylmasy kyn bolan familiýany we(ýa-da) ady we (ýa-da) atasynyň adyny üýtgetmek;

2. Öz äri (aýaly) bilen bir familiýa götermek ýa-da nika bozulmagynda bu babatynda aýdylmadyk halatynda başdaky, nikadan öňki familiýa gaýdyp gelmek (birinji we soňraky nikalary baglanyşmagyndan öň);

3. Nikany bozmazdan ýa-da äriniň (aýalynyň) ölen ýagdaýynda başdaky, nikadan öňki familiýa gaýdyp gelmek (birinji we soňraky nikalary baglanyşmagyndan öň);

4. Atasynyň (enesiniň) familiýasyny götermek (eger atasynyň familiýasyny göterýän bolsa – enesiniň familiýasyna, eger enesiniň familiýasyny göterýän bolsa – atasynyň familiýasyny götermek);

5. Hem atasynyň hem enesiniň atalarynyň, kakalarynyň adyna görä familiýasyny üýtgetmek.

6. Öň atasynyň adyna “ogly”, “gyzy” sözleriniň goşulmagy ýa-da olary goşmazdan öz adyňy, soňra atasynyň adyny, ýa-da atasynyň adynyň ýa-da familiýasyny ýazmazdan atasynyň adyny üýtgetmek, başga familiýany ýa-da atasynyň adyny almaklyk;

7. Eger ogullyga/gyzlyga almak mümkinçiligi bolmadyk ýagdaýynda terbiýeleýän atalygynyň (ejeliginiň)/ öweý ene-atalarynyň familiýasyny götermek;

8. Milletine laýyklykda familiýasyny we (ýa-da) adyny we (ýa-da) atasynyň adyny götermek;

9. Üýtgedilýän ady hakykatdan göterýän bolsa, dogluş hakyndaky nama ýazgysynda görkezilen ady başga da çalyşmak;

10. Raýat ýagdaýynyň namalar ýazgysynda görkezilen familiýa we (ýa-da) ada we (ýa-da) atasynyň adyna, laýyk şahadatnamada ýa-da pasportda görkezilen familiýa we (ýa-da) ada we (ýa-da) atasynyň adyna laýyk getirmek islände we şonuň üçin şol resminamalarda getirilen familiýalaryň we (ýa-da) atlaryň we (ýa-da) atasynyň atlaryny üýtgetmek isleýär.

Düşündiriş: Familiýanyň, adyň, atasynyň adynyň üýtgedilmegi baradaky şahadatnama

Familiýanyň, adyň, atasynyň adynyň üýtgedilmegi baradaky şahadatnama iki tarapyndan laminatlanan 103*148 mm ölçegli resmi kagyzy görnüşinde taýýarlanylýar. Resmi kagyz ýörite giloşirlenen gorag kagyzyndan taýýarlanylýar, onda suw belgileri bar, gorag torjagazy bilen örtülendir.

Öň we arka taraplarynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Köşki şekillendirilen, onuň aşagynda türkmen haly gölleriniň reňkli şekili açyk gök reňkli fonuň üstünde ýerleşdirilen. Türkmenistanyň Prezidentiniň Köşginiň şekili açyk gök reňkinde, gümmeziň ortasy altynsöw sary reňkde, gümmeziň gyralary goýy gyrmyzy reňkinde,  çür depedäki baýdak ýaşyl reňkde şekillendirilen. Resmi kagyzyň  arka tarapynda açyk gök fonuň üstünde milli nagyşyň şekili ýerleşdirilen. Gorag torjagazlary tolkun şekilli ownuk öýjükli açyk gök reňkli gorag torjagazy emele getirýär. Şahadatnamanyň iki tarapynda hem diňe ultra melewşe şöhlelenmede görünýän flouressentiň ulanylmagy bilen ýasalan gorag elementi ýerleşdirilendir.

Resmi kagyzyň öň we arka tarapyndan türkmen we iňlis dillerinde “Adynyň, familiýasynyň, atasynyň adynyň üýtgedilmegi baradaky Şahadatnama” ýazgysy ýerleşdirilen. 

• Raýat (familiýasy, ady, atasynyň ady)
• Doglan ýyly, aýy
• Doglan ýeri
• Milleti
• Raýatlygy
• Adyny, familiýasyny, atasynyň adyny üýtgetdi
• N_ belgili ýazgysy haýsy ýylda, aýda amala aşyryldy. 
• Hasaba alnan ýeri (RÝNÝ-nyň bölüminiň atlandyrylyşy we ýerleşýän ýeri)
• Berlen ýyly, aýy
• Raýat ýagdaýynyň namalar ýazgysynyň bölüm müdiri”
• Resmi kagyzyň aşagynda soňky ýazgynyň deňinde “M.P.” möhüri üçin ýer bar.
• Öň tarapynda nagyşyň üstünde “M” seriýanyň aňlatmasy we şahadatnamanyň belgisi ýerleşdirilen.

Maglumatlar Türkmenistanyň Adalat Ministrliginiň maglumatlary esasynda taýýarlanyldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar