Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Erkek kişi kenguru bilen urşup, köpsanly şikeslerden soň aradan çykdy

18:2014.05.2025
0
17568
Erkek kişi kenguru bilen urşup, köpsanly şikeslerden soň aradan çykdy
Surat: RBK Life

Günorta Karolinada (ABŞ) 52 ýaşly Erik Sleýtiň ölümi bilen bagly iş derňelýär. Ol çagalar üçin haýwanat bagynda kenguru bilen urşandan soňra aradan çykan bolmaly diýlip, çaklanýar. Bu barada «The Guardian» neşirine salgylanýan «rbc.ru» habar berdi.

Erkek kişi güýç ulanmak sebäpli alnan köpsanly şikeslerden soňra geçen anna gijesi aradan çykdy. Ol haýwanat bagynyň eýesi Robert Sleýtiň dogany, kengurunyň gözenegine häli-şindi girýän ekeni. Ol şeýle-de Jek atly kenguruny gižželemegi halaýan ekeni.

Duşenbe güni Robert onuň fotosuratlaryny öz sahypasynda çap edip: «Sen barada ýatlamalar kalbymyzda ýaşar, sesiňi biz hiç haçan unutmarys. Seniň dostuň Jekiň ýagdaýy oňat bolar» diýip ýazypdyr.

Haýwanat bagynyň işgärleri kengurunyň ygtybarly şertlerde saklanýandygyny, ony terk etmändigini habar berdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň