Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Orlando Blum «Karib deňziniň garakçylaryna» dolanmak isleýär

17:0017.06.2025
0
21413
Orlando Blum «Karib deňziniň garakçylaryna» dolanmak isleýär
Surat: Kino.mail.ru

Meşhur britan aktýory Orlando Blum «Karib deňziniň garakçylary» filmler tapgyrynyň täze bölüminde surata düşmek isleýändigini boýun aldy. Aktýoryň bu barada sözlerini «Collider» neşiri getirýär diýip, «Kino.mail.ru» ýazýar.

Blumyň aýtmagyna görä, ol kinotapgyryň altynjy bölüminde surata düşmek boýunça teklibe razy. «Maňa 20 ýyldan soňra hemmeleriň dolanyp gelip, haýran galdyrmagy baradaky pikir ýaraýar. Men indi öňki Uill Ternerden has dogumly bolaryn. Elbetde, muňa wagt geldi» diýip, Blum sözüniň üstüni ýetirdi.

Geçen 2024-nji ýylyň ahyrynda habar beriş serşdelerinde «Karib deňziniň garakçylaryna» baş keşpde çykyş edýän aktýor Jonni Deppiň dolanyp geljekdigi habar berlipdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň