Pingwini äkitmekde howpsuzlyk düzgünleriniň berjaý edilmezligi Günorta Afrika Respublikasynda dikuçaryň ýykylmagyna sebäp boldy.
Ýagny içi pingwinli guty tötänden dolandyryş enjamyna degip, dikuçaryň ýere gaçmagyna getirdi. Bu barada ýurduň Raýat awiasiýasy edarasynyň hasabatyna salgylanýan TASS habar berdi.
«Robinson R44» kysymly dikuçarda gutuda diri pingwini äkidip barýardylar, ony uçarmanyň gapdalyndaky ýolagçy dyzlarynyň üstünde goýupdy. Birdenkä guty onuň dyzyndan gaçdy we howa gämisiniň dolandyryş enjamyny ýerinden gozgady. Netijede, dikuçar gapdala gyşardy, uçarman onuň perleriniň ýere galtaşmagynyň öňüni almaga ýetişmedi. Hasabatda hiç kimiň, şol sanda guşuň hem ejir çekmändigi aýdylýar.