Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Kanadanyň Hökümet başlygy Karni Parlamenti ýatyrdy we möhletinden öňki saýlawlary yglan etdi

11:1925.03.2025
0
12566
Kanadanyň Hökümet başlygy Karni Parlamenti ýatyrdy we möhletinden öňki saýlawlary yglan etdi
Surat: The Guardian

Kanadanyň Premýer-ministri Mark Karni Parlamentiň dagadylýandygyny we 28-njy aprelde möhletinden öňki saýlawlaryň geçiriljekdigini yglan etdi. Ol bu barada ýurduň general-gubernatory Meri Saýmona ýüzlendi. Ilkibaşda saýlawlar 20-nji oktýabra bellenipdi.

«Men general-gubernatora parlamenti dagatmak we federal saýlawlary 28-nji aprele bellemek barada haýyş bilen ýüzlendim. Bize «G7»-de iň güýçli ykdysadyýeti döretmek hem-de ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp tarapyndan girizilen gümrük nyrhlary bilen bagly meseleleri çözmek gerek» diýip, Karni sosial ulgamda ýazdy.

Britan Patyşasy Karl III-niň adyndan çykyş edýän döwlet Baştutany hökmünde Kanadanyň general-gubernatory Meri Saýmon Premýer-ministriň haýyşyny kanagatlandyrdy diýlip, habarda bellenýär.

Kanadanyň Merkezi bankynyň öňki başlygy Karni Jastin Trýudo wezipesinden gidenden soňra ýurduň dolandyryjy Liberal partiýasyna ýolbaşçy boldy.

Bu barada «MIR 24» habar berdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň