Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Finlýandiýa ýene dünýäde iň bagtly ýurt diýlip yglan edildi

16:3524.03.2025
0
16323
Finlýandiýa ýene dünýäde iň bagtly ýurt diýlip yglan edildi
Surat: Travelask.ru

Finlýandiýa bagtlylyk derejesi boýunça ýurtlaryň sanawyny ýene-de başyny çekdi. Bu ýurt eýýäm bu reýtingde yzygiderli sekiz ýeňiş gazandy. Sanawda ikinji orny Daniýa, üçünji orny Islandiýa eýeledi.

Sanawy 20-nji martda bellenýän Halkara bagt güni çap etdiler. Ol düzülende, ilatyň jan başyna düşýän girdejisi, durmuş kömeginiň derejesi, ömrüň dowamlylygy we iş bilen üpjünçilik hasaba alynýar. Bilermenler üç ýyllyk möhletde toplanan ortaça görkezijilere esaslanýarlar.

Sanaw 2012-nji ýyldan bäri her ýyl Bagt hakda bütindünýä nutugynda çap edilýär.

Bu barada «Rambler.ru» habar berdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň