Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Bilim ministrligine “Agzybirlik tilsimaty” bilelikdäki kärhanasy we “Aýdyň gijeler” hojalyk jemgyýeti bilen şertnamalary baglaşmaga ygtyýar berildi

11:0924.03.2025
0
13844
Bilim ministrligine “Agzybirlik tilsimaty” bilelikdäki kärhanasy we “Aýdyň gijeler” hojalyk jemgyýeti bilen şertnamalary baglaşmaga ygtyýar berildi
Surat: Türkmenistanyň Bilim Ministrligi

Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Bilim ministrligine Türkmenistanda öndürilen degişli mukdardaky noutbuk kompýuterlerini satyn almak, 2025-nji ýylyň 1-nji awgustyna çenli bilim edaralarynda gurnamak hem-de olara tehniki hyzmat etmek barada “Agzybirlik tilsimaty” bilelikdäki kärhanasy we “Aýdyň gijeler” hojalyk jemgyýeti bilen şertnamalary baglaşmaga ygtyýar berildi. Bu barada TDH habar berýär.

Bellenilişi ýaly, resminama Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistanyň Prezidentiniň bilim syýasatyny üstünlikli durmuşa geçirmek, ýaş nesilleriň döwrebap bilim-terbiýe almagy we innowasion tehnologiýalardan baş çykarýan, giň gözýetimli hünärmenler bolup ýetişmegi üçin amatly şertleri döretmek, şeýle hem ýurduň umumy orta bilim berýän mekdeplerine 2025-2026-njy okuw ýylynda 1-nji synpa okuwa kabul edilýän okuwçylara noutbuk kompýuterlerini sowgat bermek maksady bilen kabul edildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň