YHG-nyň Ministrler Geňeşiniň mejlisiniň çäklerinde Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary A.Gurbanow bilen YHG-nyň Baş sekretary Asad Majid Hanyň arasynda duşuşyk geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-iniň metbugat gullugy habar berdi.
YHG-nyň Baş sekretary Türkmenistanyň YHG-daky ornunyň ýokarlanýandygyna ünsi çekip, ýurduň möhüm sebit we halkara derejedäki çäreleriň birnäçesini geçirendigini kanagatlanma bilen belledi. Asad Majid Han YHG-nyň täsirliligini ýokarlandyrmak baradaky teklipleri beýan etdi we Türkmenistany bu başlangyçlary goldamaga çagyrdy.
Duşuşykda sebitiň mümkinçiliklerini ösdürmek meseleleri, şeýle hem Türkmenistanyň syýahatçylyk we ulag pudagyndaky başlangyçlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Taraplar YHG-nyň maksatlaryny ilerletmek we geljek ýylda sebitleýin hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak baradaky umumy ygrarlylygyny tassykladylar.