Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Ykdysadyýet we howanyň üýtgemegine garşy göreşmek boýunça federal ministrliginiň binasynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Atdaýewiň gatnaşmagynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-german iş toparynyň 10-njy mejlisi geçirildi.
Mejlis iki bölümden ybarat bolup, onuň birinji bölüminde Türkmenistanyň we Germaniýanyň ykdysady mümkinçilikleri, ikitaraplaýyn söwda-ykdysady gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy we ony ösdürmegiň dürli ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.
Mejlisiň ikinji bölüminde maýa goýum hyzmatdaşlygy, energetika, daşky gurşawy goramak, oba hojalygy, ulag, şonuň ýaly-da kiçi we orta telekeçiligi goldamak ýaly ugurlarda hyzmatdaşlygyň anyk meseleleri we ikitaraplaýyn özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmek mümkinçilikleri barada maslahatlaşyldy.
Taraplar Türkmenistanyň Prezidentiniň «Merkezi Aziýa – Germaniýa» formatyndaky ýokary derejeli duşuşygynyň çäklerinde Germaniýanyň işewür toparlarynyň wekilleri bilen duşuşygynyň ähmiýetini belläp geçdiler. Şeýle hem,
Mejlisiň barşynda Türkmenistan bilen Germaniýa Federatiw Respublikasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmegiň «Ýol kartasynyň» durmuşa geçirilşi bilen baglanyşykly meselelere seredildi.