Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Türkmenistana resmi sapar bilen geldi

12:0510.10.2024
0
11630

Şu gün Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew Türkmenistana resmi sapar bilen geldi. Aşgabadyň Halkara howa menzilinde belent mertebeli myhmany türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow mähirli garşylady. Bu ýerde iki ýurduň Döwlet baýdaklary galdyryldy we Hormat garawuly nyzama düzüldi.

Uçaryň öňünde dostlukly döwletiň Baştutanyna milli lybasly çagalar duz-çörek hödür edýärler we gül desselerini gowşurýarlar.

Bu ýerde, howa menzilinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow we Prezident Kasym-Žomart Tokaýew Türkmenistanyň we Gazagystan Respublikasynyň döwlet Baýdaklarynyň öňünde surata düşýärler. Soňra bu ýerde ikitaraplaýyn duşuşyk geçirildi.

Bellenilişi ýaly, Gazagystanyň Baştutanynyň Türkmenistana şu gezekki saparynyň netijeleriniň hem-de Aşgabatda geçirilýän ýokary derejedäki gepleşikleriň möhüm waka boljakdygyna we uzakmöhletli geljegi nazara almak, iki ýurduň arasyndaky köpugurly hyzmatdaşlyga täze itergi berjekdigine ynam bildirildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň