Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti Aşgabatda geçirilýän halkara sergä gatnaşyjylara Gutlag iberdi

08:2619.08.2024
0
7515

Şu gün Aşgabatda «Kids Ekspo: ähli zat çagalar üçin» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlaýar. Şu mynasybetli Prezident Serdar Berdimuhamedow bu halkara çärä gatnaşyjylara Gutlag iberdi.

"Türkmenistan" gazetinde çap edilen Gutlagynda döwlet Baştutany şeýle belleýär:

"Hormatly halkara sergi-ýarmarkasyna gatnaşyjylar!

Gadyrly myhmanlar!

Sizi Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda ak mermerli Aşgabatda ilkinji gezek geçirilýän «Kids Ekspo: ähli zat çagalar üçin» atly halkara sergi-ýarmarkasynyň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Bagtyýar çagalygyň ýurdy, iň süýji arzuwlaryň, belent maksatlaryň hasyl bolýan Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Watanymyzda durmuşymyzyň gül-gunçalary bolan çagalar döwlet tarapyndan aýratyn uly üns-alada bilen gurşalýar. Ýurdumyzyň ähli künjeklerinde döwrebap çagalar baglary, mekdepler, bedenterbiýe, sagaldyş-dynç alyş toplumlary gurlup, bagtyýar çagalaryň düýpli bilim almagy, dünýägaraýşyny giňeltmegi, olarda ýokary ahlak sypatlarynyň kemala getirilmegi üçin amatly durmuş şertleri döredilýär. Türkmenistan çagalygy adamyň ömrüniň möhüm tapgyry hökmünde ykrar edýär we ösüp gelýän ýaş nesilleri jemgyýetimizde doly derejeli durmuşa taýýarlamagy, olarda döredijilik işjeňligini, ukyp-başarnyklary ösdürmegi, ýokary ahlak häsiýetlerini, watançylyk, raýatlyk duýgularyny terbiýelemegi ileri tutulýan wezipeler hökmünde kesgitleýär.

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy bilen «Türkmen Ekspo» kompaniýasynyň bilelikde guraýan bu sergi-ýarmarkasynda ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň önüm öndürijileriniň körpeler, mekdep okuwçylary, talyplar üçin niýetlenen ýokary hilli, ekologik taýdan arassa, döwrebap önümleri, okuw esbaplary, elektron harytlary hödürleniler. Şeýle hem sergi-ýarmarkanyň çäklerinde bu ugurda iş alyp barýan kompaniýalara özara tejribe alyşmaga mümkinçilik dörediler. Çagalar üçin dürli ugurlarda ussatlyk sapaklarynyň guralmagy, innowasion işläp taýýarlamalar, täzelikler bilen tanyşdyrylmagy bolsa bu giň möçberli çäräniň ähmiýetini has-da artdyrar.

Hormatly adamlar!

Gadyrly myhmanlar!

Häzirki döwürde Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan yglan edilen Durnukly ösüş maksatlaryny yzygiderli we üstünlikli amala aşyrýan Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan ýaş nesillere döwrebap bilim-terbiýe bermek, zenanlaryň, çagalaryň saglygyny, bähbitlerini hem-de hukuklaryny goramak ýaly örän möhüm ugurlar boýunça dünýä döwletleri, abraýly halkara guramalar bilen işjeň hyzmatdaşlyk edýär.

«Kids Ekspo: ähli zat çagalar üçin» atly halkara sergi-ýarmarkasynda çagalar hyzmatlary pudagynda işleýän kompaniýalara innowasion önümlerini we hyzmatlaryny görkezmäge mümkinçilik dörediler. Sergi-ýarmarkanyň dürli öwüşginli ekspozisiýalarynyň dünýäniň ýurtlaryndan halkara hyzmatdaşlaryň, maýadarlaryň, çagalar üçin önümler pudagynyň wekilleriniň ünsüni özüne çekjekdigine berk ynanýaryn.

Bu halkara çäre Türkmenistanyň medeni we işewürlik durmuşynda möhüm waka öwrüler. Çünki ol diňe bir işewürleriň mümkinçiliklerini görkezmekleri üçin ajaýyp meýdança bolmak bilen çäklenmän, eýsem, ene-atalar we çagalar üçin hem özboluşly baýramçylyk çäresi bolar.

Hormatly sergi-ýarmarka gatnaşyjylar!

Gadyrly dostlar!

Sizi «Kids Ekspo: ähli zat çagalar üçin» atly halkara sergi-ýarmarkasynyň öz işine başlamagy bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn. Size berk jan saglyk, abadan we bagtyýar durmuş, alyp barýan işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin".

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň