Gazagystanyň häkimiýetleri ýurda bugdaýy getirmegi çäklendirmek boýunça çäreleriň möhletini 2024-nji ýylyň aýagyna çenli azaltmak barada karara geldi. Bu barada ýurduň Hökümetiniň daşary söwda syýasaty boýunça geňeşiniň ýygnagynyň jemlerine salgylanýan TASS habar berdi.
«Gazagystanyň çägine ulaglaryň ähli görnüşleri boýunça bugdaý getirmäge gadaganlyk ýylyň ahyryna çenli uzaldyldy» diýlip, habarda aýdylýar.
Astana bu çäreleri RF-den önümiň bikanun ýol getirilmeginiň öňüni almak we Gazagystanda hasylyň ýokary görkezijisi bilen esaslandyrdy.
Bugdaýyň getirilmegine gadaganlyk bilen birlikde, ownuk we iri şahly mallaryň getirilmegine hem gadaganlygyň möhleti uzaldyldy.
Respublika bugdaýyň getirilmegine gadaganlygy 12-nji aprelde girizipdi we ol ýarym ýyl dowam etmelidi.
Öň Russiýanyň Gazagystana eksportynyň bäş aýda 10,1 göterim azalandygy habar berlipdi, emma Russiýa ýurda esasy haryt eksport ediji ýurt bolmagynda galýar diýip, «Gazeta.ru» ýazýar.