Şols Germaniýanyň Kansleri wezipesine gaýtadan saýlanmak pikiri barada habar berdi

12:2326.07.2024
0
5494

Germaniýanyň Kansleri Olaf Şols 2025-nji ýylda ýurduň Hökümet başlygy wezipesine gaýtadan saýlanmak meýli barada beýanat berdi diýip, «MIR 24» ýazýar.

Onuň: «Kansler bolmak bilen, ýene-de Kansler bolmak üçin saýlawlara gatnaşmakçy» diýip, däp bolup gelýän tomusky metbugat maslahatynda aýdan sözlerini «RIA Nowosti» getirýär.

Öň Şols Germaniýanyň Sosial-demokratlar partiýasynyň we dolandyryjy koalisiýasynyň pes reýtingine, şeýle-de partiýanyň Hristian-demokratik we Hristian-sosial bileleşiklerden we «Germaniýa üçin saýlamak» partiýasyndan ýeňlip Ýewropa parlamentine saýlawlarda şowsuzlyga uçramagyna garamazdan, şeýle islegi barada birnäçe gezek habar beripdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň