Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow hanym Ursula fon der Lýaýene Ýewropa Komissiýasynyň Başlygy wezipesine gaýtadan saýlanmagy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi. Bu barada "Watan" habarlar gepleşiginde habar berildi.
Bellenilişi ýaly, döwlet Baştutany Türkmenistanyň Ýewropa Bileleşigi bilen ýola goýlan gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge ygrarlydygyny beýan edip, ýurduň bu gatnaşyklary Merkezi Aziýa bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky sebitara hyzmatdaşlyk formatynyň çäklerinde hem ösdürilmegini goldaýandygyny belledi, şeýle hem özara bähbitli hyzmatdaşlygy geljegi uly ugurlar boýunça ilerletmekde tagalla etmäge taýýardygyny tassyklady.
Prezident Serdar Berdimuhamedow, mümkinçilikden peýdalanyp, Ýewropa Komissiýasynyň Başlygyna tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk we abadançylyk hem-de eýeleýän wezipesinde mundan beýläk-de uly üstünlikleri arzuw etdi.