Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti Fransiýanyň Prezidentini Bastiliýanyň eýelenen güni bilen gutlady

22:1414.07.2024
0
11385
Türkmenistanyň Prezidenti Fransiýanyň Prezidentini Bastiliýanyň eýelenen güni bilen gutlady
Surat: tdh.gov.tm

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Fransiýa Respublikasynyň Prezidenti Emmanuel Makrona hem-de ýurduň ähli halkyna Fransiýa Respublikasynyň milli baýramy — Bastiliýanyň eýelenen güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Bellenilişi ýaly, Prezident Serdar Berdimuhamedow, ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Emmanuel Makrona tüýs ýürekden berk jan saglyk we bagtyýarlyk, Fransiýanyň halkyna bolsa parahatçylyk, abadançylyk hem-de rowaçlyk arzuw etdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň