Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Arkadag şäheriniň sagaldyş-dikeldiş merkezindäki çagalara sowgatlar gowşuryldy

15:3713.07.2024
0
10080

Arkadag şäherindäki Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezinde bejergi alýan we saglyklaryny dikeldýän çagalara edermen gallaçylaryň gazanan ajaýyp zähmet ýeňşi mynasybetli Türkmenistanyň Prezidentiniň we türkmen halkynyň Milli Lideriniň adyndan ýörite sowgatlar gowşuryldy.

«Türkmenistan: Altyn asyr» saýtynda berilýän habara görä, dabaranyň dowamynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezinde bejergi alýan çagalaryň çykyşlaryna giň orun berildi. Olar sazlaşykly ösüşi we sagdyn bolmaklary ugrunda yzygiderli alada edilýändigi üçin lukman Arkadaga, Türkmenistanyň Prezidentine hoşallyk sözlerini beýan etdiler.

Habarda bellenilişi ýaly, bu ýerde çagalara ýörite sowgatlaryň gowşurylmagy dabaranyň ýatda galyjy pursatlara beslenmegini şertlendirdi.

Ähli zerur şertleri özünde jemleýän we dünýäniň öňdebaryjy önüm öndürijileriniň iň kämil enjamlary bilen üpjün edilen merkezde bejergi alýan, saglyklaryny berkidýän çagalar özleri hakynda edilýän atalyk alada üçin lukman Arkadaga, Türkmenistanyň Prezidentine tüýs ýürekden çykýan hoşallyk sözlerini beýan etdiler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň