Soňky habarlar

Arhiw

«Zyýat Hil» doglan güni ýekşenbä gabat gelýänler üçin tortlary 50% arzan bahadan hödürleýär

10:3413.07.2024
0
15577

Aşgabatdaky «Seýran» söwda merkezinde ýerleşýän «Zyýat Hil» konditer önümleri dükany ajaýyp teklibi bilen müşderileri begendirmegini dowam edýär. Doglan güni ýekşenbe gününe gabat gelýän her bir müşderi konditer dükanynyň baý haryt görnüşlerinden islendik torty 50% arzan bahadan alyp biler.

Bu arzanladyşdan peýdalanmak üçin bolsa müşderä diňe doglan senesini tassyklaýan pasportynyň asyl nusgasyny ýa-da göçürmesini görkezmek ýeterlikdir.

«Zyýat Hil» konditer önümleriniň giň haryt görnüşleri bilen meşhurdyr. Bu ýerde nusgawy medowik, biskwit, miweli, şokoladly hem-de hozly tortlar, şeýle hem dürli keksler, traýfllar, kökeler, wafliler, zefirler we başga-da köpdürli konditer önümleri alyjylara ýetirilýär.

Konditer önümleri dükanynyň hünärmenleri müşderilerini täze önümler bilen begendirmek üçin dükanyň tagamnamasyny yzygiderli täzeleýärler. Ýaňy-ýakynda bolsa dükanyň assortimentinde bento-tortlar we bölekleýin desertler peýda bolup, olar eýýäm bu ýere gelýänleriň gyzgyn söýgüsini gazandy.

Bu arzanladyş çäresiniň diňe Garadaşaýak ýaşaýyş toplumyndaky «Seýran» söwda merkezinde ýerleşýän «Zyýat Hil» konditer önümleri dükanynda dowam edýändigini bellemelidiris. Bu babatda has giňişleýin maglumat almak ýa-da tort sargyt etmek üçin (+993 12) 29 35 03 hem-de (+993 62) 02 13 62 telefon belgilerine jaň edip bilersiňiz.

Habarlaşmak üçin:

  • Büzmeýin etraby, Abadan şaýoly, 254-nji jaý, habarlaşmak üçin telefon belgileri: (+993 12) 35 37 13 we (+993 62) 02 13 61;
  • Gurtly ýaşaýyş toplumy, 3-nji jaý, 1-nji gat, telefon belgileri: (+993 12) 97 95 06; (+993 62) 02 13 63.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň