Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

29-njy iýunda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti

14:2229.06.2024
0
9517

Arkadag şäheri açylmagynyň bir ýyllygyny belleýär, Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabatdaky täze saglygy goraýyş desgalarynyň taslamalary bilen tanyşdy, Daşkentde «Türkmenistanda öndürilen» nyşanly harytlaryň sergisi geçiriler we beýleki habarlar

Türkmenistanda

1. Şu gün Arkadag şäheri açylmagynyň bir ýyllygyny belleýär. Bu waka mynasybetli Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow şäheriň ýaşaýjylaryna we ähli türkmen halkyna Gutlag hatyny iberdi. Mundan başga-da, döwlet Baştutany «akylly şäheriň» ikinji tapgyryny gurmak baradaky Karara gol çekdi. Hususan-da, resminama laýyklykda, degişli edaralara we kärhanalara ýerli gurluşyk kärhanalary bilen şertnamalary baglaşmaga ygtyýar berildi. Kararda ähli binalary we desgalary 2026-njy ýylyň sentýabr aýynda ulanmaga doly taýýar edip tabşyrmak bellenildi.

2. Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabat şäheri boýunça iş saparyny amala aşyryp, gurluşygy alnyp barylýan saglygy goraýyş desgalarynyň şekil taslamalary bilen tanyşdy. Türkmen halkynyň Milli Lideri Halkara sagaldyş-dikeldiş merkezine geldi we bu ýerde «Rönesans Holding» kompaniýasynyň müdiriýetiniň başlygy Erman Ylyjak bilen gürrüňdeş boldy. Halk Maslahatynyň Başlygy birnäçe lukmançylyk edaralarynyň taslamalary bilen tanyşdy we gurluşykda milli binagärlik ýörelgeleri bilen häzirki zamanyň ösen tejribesiniň utgaşdyrylmalydygyna ünsi çekdi. Duşuşygyň dowamynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň işi barada maglumat berildi. Şol gün Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäheriniň çägindäki Halkara ahalteke atçylyk sport toplumyna bardy. Halk Maslahatynyň Başlygy atlaryň saklanyş şertlerini gözden geçirdi we toplumyň işgärleri bilen gürrüňdeş boldy. Saparyň dowamynda Milli Lider Hanbeg atly ata atlanyp, birsellem ýöriş etdi.

3. 15-16-njy iýulda Daşkent şäherinde geçiriljek Bilelikdäki türkmen-özbek toparynyň hem-de Türkmen-özbek işewürler geňeşiniň mejlisleriniň çäklerinde «Türkmenistanda öndürilen» atly ýurduň harytlarynyň milli sergisi guralar. Bu barada Hökümet mejlisinde wise-premýer Batyr Atdaýew hasabat berdi. Prezident Serdar Berdimuhamedow Özbegistan Respublikasynyň Türkmenistanyň ýakyn hyzmatdaşy bolup durýandygyny belläp, bu mejlislere gowy taýýarlyk görmegi tabşyrdy.

4. 7-8-nji noýabrda Abu-Dabi şäherinde «Türkmenistanda söwda, maýa goýum we işewürlik mümkinçilikleri» atly forum geçiriler. Forum nebitgaz, energetika pudaklaryna, täze tehnologiýalara we öňdebaryjy işläp taýýarlamalara bagyşlanan Bütindünýä sergisiniň çäklerinde guralar.

5. «Türkmenhowaýollary» agentligi 2024-nji ýylyň awgust aýyndan başlap Aşgabat — Kuala-Lumpur ugry boýunça howa gatnawlaryny hepdede 2 gezek amala aşyrar. Uçuşlar her hepdäniň sişenbe we penşenbe günleri amala aşyrylar.

6. Sazanda we telekeçi Timati tarapyndan döredilen meşhur tiz tagam restoranlarynyň zynjyry «Black Star Burger» Türkmenistanyň paýtagtynda täze şahamçasynyň açyljakdygyny yglan etdi. Brendiň resmi saýtynda ýerleşdirilen maglumata görä, restoranyň açylyşy 2024-nji ýylyň güýzünde meýilleşdirilip, «Aşgabat» söwda-dynç alyş merkezinde geçiriler.

Dünýäde

7. Dünýäniň iň beýik nokadynyň – Ewerest dagynyň eňňitlerinde töwekgelçilik döredýän hadysa ýüze çykýar. Global ýylylyk garyň we buzuň eremegine sebäp bolýar hem-de onlarça ýyllap galyň gar astynda gizlenen ölen alpinistleriň jesetlerini açýar. Geň zat, aşa pes temperatura sebäpli käbir jesetler üýtgemän diýen ýaly saklanypdyr. Wepat bolan alpinistler doly enjamlary bilen tapylýar.

8. «Google» kompaniýasy 110 täze dil goldawyny goşup, onlaýn terjimeçisini täzeledi. Bu hyzmatyň tutuş taryhynda iň uly giňelişdir. Täze dilleriň arasynda awar, başgyrt, çeçen we osetin dilleri bar. Afrikan dillerine-de aýratyn üns berilýär.

Sport habarlary

9. Lozanna şäherinde Türkmenistanyň Agyr atletika Milli federasiýasynyň başlygy bilen Halkara agyr atletika federasiýasynyň baş direktorynyň arasynda duşuşyk geçirildi. Gepleşikleriň dowamynda Türkmenistanda agyr atletika boýunça halkara we sebitleýin ýaryşlary geçirmek, daşary ýurtly hünärmenleriň gatnaşmagynda okuw sapaklaryny guramak we türgenleri taýýarlamak meselesi ara alnyp maslahatlaşyldy. Türkmen emini Çary Mämmedowyň Parižde geçiriljek Olimpiýa oýunlarynda agyr atletika boýunça ýaryşlarda işlemäge resmi taýdan çagyrylmagynyň duşuşygyň möhüm netijesi bolandygyny bellemek gerek.

10. «Los Anjeles Leýkers» NBA draftynyň ikinji tapgyrynda meşhur Lebronyň ogly 19 ýaşly Bronni Jeýmsi alyp, taryhy saýlaw etdi. Bu waka kakanyň we ogluň NBA-da bir toparda çykyş edýän ilkinji ýagdaýy bolar. Lebron Jeýms sosial ulgamdaky hasabynda 2007-nji ýylda kakasynyň oýnuna gatnaşan kiçijik Bronniniň suratyny paýlaşmak bilen bu möhüm wakany belledi. Suratyň aşagynda: «Miras!» diýlip ýazylypdyr.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň