Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«Ecodrink» kofe dükany kofeniň gaýtalanmajak tagamyndan lezzet almaga çagyrýar

12:1626.06.2024
0
10420

Tomsuň yssy günlerinde agaçlaryň kölegesinde yssydan gizlenip, hoşboý kofe içmek örän lezzetli. «Ecodrink» kofe dükany Aşgabat şäheriniň ýaşaýjylaryny we myhmanlaryny ýatdan çykmajak agşam geçirmäge çagyrýar.

Ýaşyl agaçlaryň aşagyndaky stollar rahat gurşaw döredýär, bu ýerde şäheriň aladalaryny ýatdan çykaryp, hakykatdanam dynç alyp bilersiňiz.

«Ecodrink-iň» menýusynda nusgawy espressodan, kapuçinodan we latteden başlap, sowuk kokteýllere çenli her kim öz islegine görä içgi tapar. Bir zatlar iýmek isleýänler üçin bolsa süýjülikleriň dürli görnüşleri hödürlenýär.

«Ecodrink» dostlar bilen duşuşmak, romantik duşuşyk ýa-da diňe halaýan kitabyňyz bilen ýeke wagt geçirmek üçin iň amatly ýerdir.

Geliň we gök öwüsýän salkynlykdan hem-de hoşboý ysly kofeniň tagamyndan lezzet alyň!

Habarlaşmak üçin maglumatlar:

  • salgysy: 10-njy kiçi etrapça, «Dagbaşy» binasy;
  • telefon (+993 65) 62 67 67;
  • sosial ulgamdaky sahypasy.

«Ecodrink» kofe dükany her gün 8:00-dan 23:00-a çenli açykdyr.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň