Soňky habarlar

Arhiw

Arkadag şäherinde Medeniýet hepdeligi – 2024 dowam edýär

10:0523.06.2024
0
16334
Arkadag şäherinde Medeniýet hepdeligi – 2024 dowam edýär
Surat: tdh.gov.tm

Arkadag şäherinde Medeniýet hepdeliginiň dabaraly dowam edýär. Bu iri medeni forum her ýylda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününe gabatlanyp geçirilýär. Onuň maksady halkyň ruhy dünýäsini has-da baýlaşdyrmaga, milli medeni mirasy ösdürmäge we dünýäde giňden wagyz etmäge, täze zehinleriň ýüze çykmagyna we halkyň medeni derejesiniň ýokarlanmagyna gönükdirilendir.

22-nji iýunda Arkadag şäherinde ilkinji gezek geçirilýän Medeniýet hepdeliginiň açylyş dabarasy Aman Gulmämmedow adyndaky döwlet drama teatrynda ýaýbaňlandyryldy. Dabara Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Medeniýet ministrliginiň we oňa degişli edara-kärhanalaryň, guramalaryň, Ylymlar akademiýasynyň institutlarynyň, döredijilik ugurly ýokary okuw mekdepleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary we wekilleri, medeniýet we sungat işgärleri hem-de talyp ýaşlar gatnaşdylar diýip, TDH habar berýär.

Bellenilişi ýaly, bu ýerde dabara gatnaşyjylar teatryň binasynyň eýwanynda ýaýbaňlandyrylan sergini synladylar.

Soňra birnäçe gün dowam etjek giň gerimli iri medeni forumyň açylyş dabarasynda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň Arkadag şäherinde geçirilýän Medeniýet hepdeligine gatnaşyjylara iberen Gutlagy okaldy.

Türkmenistanyň Prezidentiniň dabara gatnaşyjylar tarapyndan uly üns bilen diňlenen Gutlagy dowamly we şowhunly el çarpyşmalar bilen kabul edildi.

Soňra bu ýerde medeniýet we sungat ussatlarynyň baýramçylyk konserti geçirildi. Ol ýurduň sungat ussatlarynyň, ýaş ýerine ýetirijileriň – dürli döredijilik bäsleşikleriniň ýeňijileriniň we meşhur saz toparlarynyň çykyşlary bilen dowam etdi. Artistleriň çykyşlary bilen utgaşýan wideoýazgylar döwlet Baştutanynyň başlangyçlary we özgertmeleri bilen baglanyşykly möhüm ähmiýetli wakalary, ýurduň medeni durmuşyny şöhlelendirdi. Bu bolsa ýaýbaňlandyrylýan çykyşlaryň täsirli wakalara, ýatda gylyjy pursatlara beslenmegini şertlendirdi.

Soňra Arkadag şäherinde Medeniýet hepdeliginiň açylyş dabarasynyň hormatyna guralan konsert tamamlanansoň, täze şäherde guralan medeni-köpçülikleýin çärä gelenler bu ýerde toý sadakasyna gatnaşdylar.

Günüň ikinji ýarymynda, Medeniýet hepdeliginiň çäklerinde, Arkadag şäherindäki Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde ýurduň muzeý hünärmenleriniň gatnaşmaklarynda “Muzeý gymmatlyklaryny hasaba almak we gorap saklamak boýunça dünýä tejribesiniň mümkinçilikleri” atly iş maslahaty geçirildi.

Ýurduň muzeýleriniň ýolbaşçylarynyň we hünärmenleriniň, şeýle hem muzeý gymmatlyklary bilen gyzyklanýan ylmy işgärleriň, köp sanly hünärmenleriň gatnaşmagynda geçirilen iş maslahatynyň öňüsyrasynda oňa gatnaşyjylar muzeýiň eýwanynda ýaýbaňlandyrylan giň möçberli serginiň gymmatlyklary bilen tanyşdylar. Bu ýerde ýurduň muzeýlerinde saklanýan dürli görnüşli gymmatlyklar, amaly-haşam sungatynyň eserleri görkezildi.

Iş maslahatynda bu ugra degişli çykyşlara giň orun berildi. Medeniýet pudagyny mundan beýläk-de ösdürmek meseleleri, şol sanda muzeý işini kämilleşdirmegiň we döwrebaplaşdyrmagyň usulyýetini guramak bilen baglanyşykly meseleler hünärmenleriň eden çykyşlarynyň esasy mowzugyna öwrüldi.

Arkadag şäheriniň Aman Gulmämmedow adyndaky döwlet drama teatry tarapyndan sahnalaşdyrylyp, tomaşaçylara ilkinji gezek görkezilen «Älem nury» atly sahna oýny bu ýerde guralan dabaralaryň many-mazmun taýdan baýlaşmagyny şertlendirdi. Täze sahna eseri Medeniýet hepdeliginiň ilkinji gününiň çärelerini jemledi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň