Merkezi Aziýa ýurtlary tebigy betbagtçylyklar bilen bagly maksatnama işläp düzýärler

09:0314.06.2024
0
8909
Merkezi Aziýa ýurtlary tebigy betbagtçylyklar bilen bagly maksatnama işläp düzýärler
Surat: mir24.tv

Ählumumy maýlama ýakyn wagtda 2,7 gradusa ýeter we bu planeta üçin heläkleýji bolar. Birleşen Milletler Guramasy agza ýurtlary howa taslamalaryna has köp serişde sarp etmek üçin milli maksatnamalary işläp taýýarlamaga çagyrdy. Bu barada «MIR 24» ýazýar.

Her ýyl ösen ýurtlar ösýän döwletlere guraklyga, suwuň ýetmezçiligine garşy göreşmek, şeýle hem «ýaşyl» tehnologiýalary ornaşdyrmak üçin 100 milliard dollar bölüp berýärler. Bu borçlanma BMG-niň Pariž ylalaşygynyň çarçuwasynda berkidilendir. Kömege mätäçleriň arasynda Merkezi Aziýanyň döwletleri bar. BMG-niň Howanyň üýtgemegi boýunça Konwensiýasynyň Bütindünýä banky bilen bilelikdäki hyzmatdaşlygy netijesinde geçen ýyl ýitgileriň we zyýanyň öwezini dolmak boýunça gazna döredildi. Ol ösüp barýan ýurtlara tebigy hadysalaryň ýetiren zyýanynyň öwezini dolmaga mümkinçilik berer. Şunda kömege mätäç ýurtlar Tebigy betbagtçylyklaryň netijelerini aradan aýyrmak boýunça milli Maksatnama düzmäge borçly edildi. Maksatnama özüne bag oturtmakdan başga parnik gazlaryň zyňyndylaryny hem azaltmak boýunça çynlakaý çäreleri jemlemelidir.

Howa maksatnamalarynyň maliýeleşdirilmegini ýokarlandyrmak boýunça ahyrky ylalaşyklar BMG-niň noýabrda Baku şäherinde geçjek Howa sammitinde gazanylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň