Soňky habarlar

Arhiw

Türkmen işewürleri maýa goýum mümkinçiliklerini öwrenmek üçin Astana we Almata çagyrylýar

15:2823.05.2024
0
14522

Gazagystan we Türkmenistan özara bähbitli söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy işjeň ösdürmegi dowam etdirýärler. Muňa bolsa iki ýurduň telekeçileri üçin işewürlik saparlaryny hem-de iş duşuşyklaryny yzygiderli guraýan «Astana» diplomatik klubunyň alyp barýan işi giňden ýardam edýär.

Geçen ýylda klub gazagystanly işewürleriň Türkmenistana bolan iki sany işewürlik saparyny üstünlikli amala aşyrdy. 2024-nji ýylyň fewralynda hem türkmen telekeçileriniň Astana şäherine sapary guraldy.

Işewürlik sapary üçin Gazagystanyň paýtagtynyň saýlanyp alynmagy tötänleýin däldir. Astana — bu ýurduň ýokary derejede ösýän işewürlik, syýasy we maliýe merkezi. Şäher günsaýyn ösýän bazary hem harytlara we hyzmatlara bildirilýän islegler esasynda (ilaty 1,5 million adamdan gowrak) öz ideýalaryny durmuşa geçirmek isleýän hünärmenleri, maýadarlary özüne çekýär.

Işewürlik saparynyň maksatlary:

- türkmen telekeçilerini Astananyň we Almatynyň işewürlik we maýa goýum mümkinçilikleri bilen tanyşdyrmak;

- iki ýurduň telekeçileriniň arasynda göni aragatnaşygy ýola goýmak;

- täze hyzmatdaşlary tapmak bilen, özara bähbitli şertnamalary baglaşmak.

Işewürlik saparynyň çäklerinde döwlet edaralarynyň wekilleri hem-de Gazagystanyň işewürleri bilen duşuşyklar, senagat kärhanalaryna baryp görmek, şeýle hem beýleki işewürlik çäreleri meýilleşdirilýär.

Astana we Almaty şäherlerine boljak işewürlik sapary — bu türkmen telekeçileri üçin täze hyzmatdaşlary tapmak, Gazagystanyň geljegi uly bazaryna çykmak bilen, öz taslamalaryny durmuşa geçirmek üçin ajaýyp mümkinçilikdir.

Işewürlik saparyna gatnaşmak isleýän türkmen telekeçileri goşmaça maglumatlary Aşgabat şäherinde şu telefon belgisine jaň edip alyp bilerler: (+993 62 60 68 85). Habarlaşmak üçin salgysy: «Zemin Syýahat» hojalyk jemgyýeti.

Işewürlik saparynyň deslapky maksatnamasy bilen dipclub.kz/astana web saýtyndan tanyşmak bolýar.

Işewürlik saparynyň şu senelerde bolmagyna garaşylýar: 24 — 27-nji iýun aralygy.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň