Türkmen wekiliýeti Russiýada sanly senagat boýunça konferensiýa gatnaşýar

14:2422.05.2024
0
10226

Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky (Kazan) Baş konsuly Güýç Garaýewiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet «Senagatlaşan Russiýasynyň sanly industriýasy» atly halkara konferensiýa gatnaşmak hem-de bu ugurda özara gatnaşyklary giňeltmek mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmak üçin Nižniý Nowgorod şäherine geldi.

Saparyň çäginde Nižniý Nowgorod sebitiniň halkara we sebitara gatnaşyklar ministri Olga Gusewa bilen duşuşyk geçirildi. Bu barada Nižniý Nowgorod sebitiniň häkimliginiň metbugat gullugy habar berdi.

Duşuşykda sebitiň Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygynyň häzirki ýagdaýy barada pikir alşyldy. Taraplar häzirki wagtda, esasan hem, maşyn gurluşygy, metallurgiýa, energetika we ulag ugurlarynda hyzmatdaşlygyň üstünlikli amala aşyrylýandygy bellenildi.

Hususan-da, duşuşygyň çäklerinde Nižniý Nowgorod bilen Arkadag şäheriniň arasynda doganlaşan şäher gatnaşyklaryny ýola goýmak baradaky şertnama gol çekişmek meselesi hem ara alnyp maslahatlaşyldy.

Nižniý Nowgorod sebitiniň häkimliginiň Halkara we sebitara gatnaşyklar ministrliginiň habarynda bellenilişine görä, Türkmenistan sebitiň möhüm strategiki hyzmatdaşydyr. Türkmen işewürleri Nižniý Nowgorod sebitiniň kompaniýalary bilen netijeli gatnaşyklary saklaýarlar. Şeýle-de Türkmenistandan gelen talyplaryň aglabasy Nižniý Nowgorod sebitniň bilim edaralarynda ýokary bilim alýarlar. 2023-2024-nji okuw ýylynda müňe golaý türkmenistanly talyp Nižniý Nowgorodyň sebitininiň uniwersitetlerinde bilim alýar.

Öz gezeginde türkmen wekiliýetiniň agzalary özara gatnaşyklary pugtalandyrmagyň möhümdigini nygtadylar.

«Nižniý Nowgorod sebiti bilen Türkmenistanyň arasyndaky hyzmatdaşlykda hyzmatdaşlykda, esasan hem, bilim pudagynda uly mümkinçilik bar. Talyplarymyzyň Nižniý Nowgorod sebitinde bilim almagy halaýandyklaryny belläsim gelýär. Şonuň üçin hem bu ugurda işlemegimizi dowam etmeli» diýip, Güýç Garaýew belledi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň