Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmen wekiliýeti halkara ýaşlar eko-lagerine gatnaşýar

17:0124.06.2024
0
8145

23-nji iýunda Özbegistanda Halkara ýaşlar ekologiýa lageri öz işine başlady. Oňa Türkmenistanyň wekiliýeti hem gatnaşýar. Bu barada «Uzdaily» habar berýär.

Halkara ýaşlar ekologiýa lagerine Türkmenistan bilen bir hatarda Özbegistanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, şeýle-de Azerbaýjanyň, Wengriýanyň we Türkiýäniň hem wekilleri gatnaşýarlar.

Lageriň maksatnamasy 2 tapgyra bölünip, onuň çägindäki çäreler iki şäherde geçiriler. Has takygy, 23-nji iýundan 26-njy iýuna çenli çäreler Samarkant şäherinde, 27 – 30-njy iýun aralygynda bolsa Daşkentde guralar.

Samarkantda gatnaşyjylar üçin işjeň toparlaýyn okuw sapaklary, seminarlar we daşky gurşaw taslamalary barada çekişmeler guralar. Şeýle hem olar üçin şäheriň taryhy gözel ýerlerine baryp görmek üçin ýörite medeni maksatnama hem taýýarlanypdyr.

Daşkentde gatnaşyjylar eko-mekdeplere we «Green University» ýokary okuw mekdebine baryp görerler we şol ýerde ekologiýa ugry boýunça öňdebaryjy hünärmenleriň leksiýalaryny diňlärler.

Çäräniň guramaçysy bolup Özbegistayň Ekologiýa ministrligi, ÝUNISEF, BMGÖM we FAO çykyş edýärler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň