Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Brazil futbolçysy Peläniň ejesi 101 ýaşynda aradan çykdy

12:2724.06.2024
0
7531
 Brazil futbolçysy Peläniň ejesi 101 ýaşynda aradan çykdy
Surat: iz.ru

Rowaýaty brazil futbol oýunçysy we dünýäniň üç gezek çempiony Peläniň ejesi Selesta Arantes du Nassimenta 101 ýaşynda aradan çykdy, bu barada «Associated Press» habarlar gullugyna salgylanýan «Iz.ru» ýazýar.

Soňky bäş ýylda ol huşsuz ýagdaýda ýaşady we hatda 2022-nji ýylda oglunyň aradan çykandygyndan hem bihabar galdy.

Peläniň çykyş eden «Santos» futbol kluby oýunçynyň ejesiniň aradan çykandygy sebäpli gynanç bildirip, üç günlük matam yglan etdi.

Pele 2022-nji ýylyň 29-njy dekabrynda 82 ýaşynda böwreginde düwnük keselinden aradan çykdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň