Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Haýyr-sahawat gaznasynyň howandarlyk etmeginde çagalaryň arasynda surat çekmek bäsleşigi yglan edildi

10:1706.05.2024
0
8758

Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň howandarlyk etmeginde, 14 ýaşa çenli çagalaryň arasynda «Biz — Arkadag Serdarly Watanyň bagtyýar nesilleri» atly surat çekmek bäsleşigi yglan edildi. Bäsleşigiň düzgünnamasy «Türkmenistan» gazetiniň şu günki sanynda çap edildi. Onda, hususan-da, şeýle diýilýär:

I. Umumy düzgünler

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» diýlip atlandyrylan 2024-nji ýylda, Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň giňden dabaralandyrylýan günlerinde Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ajaýyp keşbini, eziz Watanymyza, ene topragymyza, maşgala mukaddesligine, gözel tebigatymyza bolan söýgini çeperçilik işlerinde beýan edýän ýaş nesilleriň ukyp-başarnyklaryna mynasyp baha bermek, surat çekmek bilen meşgullanýan çagalaryň döredijilik ukybyny açyp görkezip, zehinli ýaşlary ýüze çykarmak hem-de olary höweslendirmek maksady bilen, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň howandarlyk etmeginde «Biz — Arkadag Serdarly Watanyň bagtyýar nesilleri» atly surat çekmek bäsleşigi yglan edilýär.
Haýyr-sahawat gaznasy tarapyndan yglan edilen bäsleşigiň Düzgünnamasy şu bäsleşigi guramagyň we geçirmegiň tertibini düzgünleşdirýär.

II. Bäsleşigiň maksady

Ýurdumyzyň mizemez binýadyny halallykdan, agzybirlikden we tutanýerli yhlasdan guran Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlary Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda mynasyp dowam etdirilýär. Milli Liderimiziň çäksiz sahawaty bilen esaslandyrylan Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň alyp barýan asylly işleri hem şunda nusga alarlykdyr.
Gazna tarapyndan çeper döredijilik bilen meşgullanýan çagalaryň arasynda «Biz — Arkadag Serdarly Watanyň bagtyýar nesilleri» atly surat çekmek bäsleşigini geçirmegiň maksady hormatly Prezidentimiziň: «Gahryman Arkadagymyzyň nusgalyk işleriniň netijesinde Türkmenistan bagtly çagalygyň ýurduna we arzuwlaryň hasyl bolýan ülkesine öwrüldi» diýen jümlelerinden hem-de Gündogaryň beýik akyldary we söz ussady Magtymguly Pyragynyň baý edebi mirasyndan ruhlanyp, çagalarda watançylyk duýgusyny ösdürmekden, döredijilik bilen meşgullanmaga, sungata, surat çekmäge höwes döretmekden, olaryň özbaşdak döredijilik ukyplaryny goldamakdan, bilesigelijiligini, çeperçilik işjeňligini ýokarlandyrmakdan, dünýägaraýşyny giňeltmekden ybaratdyr.

III. Bäsleşigi geçirmegiň düzgünleri

1. «Biz — Arkadag Serdarly Watanyň bagtyýar nesilleri» atly surat çekmek bäsleşigine ýurdumyzyň çar künjeginden 14 ýaşa çenli çagalar gatnaşyp bilerler.

2. Bäsleşik iki tapgyrda geçirilip, onuň birinji tapgyryna, ýagny ýurdumyzyň welaýatlaryndan, Aşgabat we Arkadag şäherlerinden iberilen işler Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň welaýat, Aşgabat we Arkadag şäher geňeşleriniň, Medeniýet müdirlikleriniň guramaçylyk toparlaryna hödürlener. Ýerli guramaçylyk toparlary hödürlenen işleri seljerip, jemleýji tapgyra mynasyp görlen 50 sany işi we olaryň awtorlary baradaky şahsy maglumatlary 2024-nji ýylyň 20-nji maýyna çenli Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşine ýollaýar.
3. Bäsleşigiň ýokary guramaçylykly geçmegini üpjün etmek maksady bilen, gazna tarapyndan guramaçylyk we eminler toparynyň düzümi tassyklanylýar.
4. Bäsleşigiň jemleýji tapgyrynda ýurdumyzyň welaýatlaryndan, Aşgabat we Arkadag şäherlerinden saýlanyp alnan 50 sany işiň netijesinde, degişlilikde, hersinden 5 sany tapawutlanan has zehinli çagalar saýlanyp, olar şu aşakdaky temalar boýunça eminler tarapyndan kesgitlenen wagtda surat çekip görkezýärler:

1. «Meniň Watanymyň gözel ýerleri»;
2. «Milli baýramçylyklarymyz»;
3. «Sport — sagdynlyk, ruhubelentlik»;
4. «Dünýä dursun parahat!».

Döredijilik bäsleşiginiň eminler toparynyň agzalarynyň hersiniň bir sesi bardyr. Bäsleşigiň netijeleri boýunça çözgüt eminler toparynyň mejlisine gatnaşýan agzalaryň beren sesleriniň sanyna laýyklykda kabul edilýär we welaýatlaryň, Aşgabat we Arkadag şäherleriniň hersinden gatnaşan çagalara, degişlilikde, I, II, III orunlar kesgitlenilýär.

5. Jemleýji tapgyra hödürlenen işleriň ýany bilen Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşine şu aşakdaky resminamalary ibermeli:
okaýan mekdebinden kepilnama;
iki nusgada maglumat (görnüş №1, görnüş №2);
3х4 ölçegdäki 4 sany fotosurat;
dogluş hakyndaky şahadatnamanyň göçürmesi (iki nusgada).
6. Bäsleşige gatnaşyjylaryň diňe bir işi bäsleşige hödürlenilýär.
7. Çagalar eziz Watanymyza, ene topragymyza, maşgala mukaddesligine, gözel tebigatymyza, milli mirasymyza söýgüsini beýan edýän, 30x40 santimetr ölçegde bolan hem-de sergilemek maksady bilen, çarçuwalanan (ramkaly), ozal bäsleşiklere gatnaşdyrylmadyk asyl nusgadaky işlerini bäsleşige hödürläp bilerler.
8. Bäsleşigiň ýeňijileri eminler topary tarapyndan saýlanar we sylaglanar.
9. Eminler toparynyň agzalary bäsleşige gatnaşyjylaryň çeken suratlaryna olaryň çeperçiligine, hiline, many-mazmunyna we özboluşlylygyna görä baha berýär.
10. Eminler toparynyň agzasyna netije çykarmak üçin eminler toparynyň beýleki agzalary bilen maslahatlaşmaga hukuk berilmeýär.

IV. Bäsleşigiň netijeleri

Bäsleşigiň netijeleri Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň howandarlyk etmeginde 2024-nji ýylyň 1-nji iýunynda Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli geçiriljek çäreleriň çäklerinde jemlenilip, welaýatlaryň, Aşgabat we Arkadag şäherleriniň hersiniň ýeňijilerine, degişlilikde I, II, III orunlar kesgitlener we bäsleşige gatnaşan çagalaryň ählisine höweslendiriji baýraklar dabaraly ýagdaýda gowşurylar.

Salgysy: Aşgabat şäheriniň Garaşsyzlyk şaýolunyň 104-nji jaýy, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi.

Habarlaşmak üçin telefon belgileri: 44-88-55; 44-89-99.

Bäsleşik baradaky maglumatlar yashlar.gov.tm web saýtynda hem ýerleşdirildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň