Ýewropada audiokassetalary öndüriji kärhana önümçiligi iki esse artdyrmakçy

09:1922.04.2024
0
9278
Ýewropada audiokassetalary öndüriji kärhana önümçiligi iki esse artdyrmakçy
Surat: gazeta.ru

Ýewropa Bileleşigindäki audiokasseta öndüriji ýeke-täk «RTM Industries» kompaniýasy islegiň ýokarydygy sebäpli, öz önümçiligini iki esse artdyrmakçy. Bu barada BFMTV teleýaýlymyna salgylanýan «Gazeta.ru» ýazýar.

«RTM Industries» kärhanasy eýýäm 40 ýyla golaý wagt bäri audiogöterijileriň önümçiligi bilen meşgullanýar hem-de bu nusgawy göterijilere islegiň artandygyny habar berdi.

Fransiýanyň Awranş şäherinde ýerleşýän kärhana Ýewropada iň soňky audiokasseta öndüriji bolup durýar. Häzir bütin dünýäde audiokassetalary çykarýan bary-ýogy üç kärhana bar.

Kärhana günde bir ýarym müň töweregi kasseta öndürýär, ol bu görkezijini 3 müňe ýetirmekçi. Audiokassetalaryň bazary 2022-nji ýyldan bäri her ýyl 20 göterim ösýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň