Soňky habarlar

Arhiw

Ýaponiýanyň ilaty rekord derejede azaldy

12:2415.04.2024
0
9724

Ýaponiýanyň ilaty bir ýylda 837 müň adam görkeziji bilen rekord derejede azalýar diýip, «24KZ» ýazýar.

Ýurtda gartaşan adamlaryň sany artýar, çagalaryň sany bolsa azalýar. Häzir ýurtda ýaşy 75 we ondan geçýän adamlaryň 20 milliony ýaşaýar. Kämillik ýaşyna ýetmedikler 14 milliona deň.

Diňe Tokioda ilat sanynyň artýandygy hasaba alyndy.

Hünärmenler maliýe ýagdaýynyň kyndygy sebäpli ýaponlaryň maşgala gurmaga howlukmaýandyklaryny belleýärler. Hökümet nikalaryň sanyny artdyrmak we ilatyň sanynyň köpelmegi ugrunda çäreleri işläp düzýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň