«Soltan» restoranlar zynjyry myhmanlary «Berkarar» SDAM-da garşy almaga şatdyr

13:1111.04.2024
0
17086

Meşhur restoranlar zynjyry «Soltan» paýtagtyň ýaşaýjylaryny we myhmanlaryny Aşgabatdaky «Berkarar» söwda-dynç alyş merkezinde ýerleşýän zallaryna çagyrýar.

«Berkarardaky» «Soltan» islendik waka üçin laýyk gelýän dürli zallary hödürleýär.

Söwda-dynç alyş merkeziniň üçünji gatynda «Coffee Project» kofe dükany myhmanlara garaşýar, bu ýerde hoşboý ysly kofeden we taagmly süýjüliklerden lezzet alyp bilersiňiz. Kiçijik myhmanlar üçin ýörite bezelen zolak bar, bu ýerde şowhunly çagalar baýramçylyklaryny bellemek mümkindir.

«Soltanyň» iki sany ýapyk we rahat restorany has ümsüm ýerde wagt geçirmek isleýänler üçin amatlydyr. Açyk meýdança bolsa dostlar bilen duşuşyklar üçin ajaýyp ýer bolar.

«Tagamly ertirlik edinmek, günortanlyk edinmek ýa-da dostlaryňyz bilen kofe içmek – bularyň ählisi «Soltanda» mümkindir» diýip, restoranlar zynjyrynyň wekili belledi.

«Berkarar» SDAM-da ýerleşýän «Soltan» restoranlarynyň maglumatlary:

  • 3-nji gat, D 17. Telefonlar: (+993 65) 30 88 88, (+993 12) 46 84 44, (+993 12) 46 88 44;
  • 3-nji gat, D 2. Telefonlar: (+993 61) 60 60 60, (+993 12) 46 88 08, (+993 12) 46 88 09;
  • 3-nji gat, K 1. Telefonlar: (+993 60) 20 50 02, (+993 12) 46 84 80, (+993 12) 46 84 81.

Sosial ulgamdaky sahypasy.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň