Türkmen deputatlary täjik kärdeşleri bilen duşuşdylar

09:5306.04.2024
0
12595

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Täjigistan Respublikasyna resmi saparynyň çäklerinde, Türkmenistanyň wekiliýetiniň agzalary Täjigistanyň Oli Majlisiniň Namoýandagon Majlisiniň deputatlary bilen birnäçe duşuşyklary geçirdiler. Bu barada "Howar" täjik habarlar agentligi habar berýär.

Bellenilişi ýaly, duşuşyklara iki ýurduň parlamentleriniň ykdysadyýet, maliýe, hökümet, ýerli dolandyryş we ekologiýa meselelerine jogapkär degişli komitetleriniň ýolbaşçylary, şeýle hem parlamentara dostluk toparlarynyň ýolbaşçylary gatnaşdylar.

Duşuşyklaryň barşynda Täjigistan tarapy Türkmenistan bilen gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdürilmegine we giňeldilmegine, şol sanda iki ýurduň arasyndaky parlamentara gatnaşyklary pugtalandyrmaga aýratyn üns berilýändigini belledi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň