Koreýa ýüz idegi önümleriniň eksportyny artdyrdy

12:4405.04.2024
0
11781
Koreýa ýüz idegi önümleriniň eksportyny artdyrdy
Surat: koreatrade.ru

Günorta Koreýanyň kosmetiki önümleriniň eksporty 2024-nji ýylyň birinji ýarymynda, geçen ýyl bilen deňeşdirilende, 20 göterim artdy diýip, «Yonhap» habarlar gullugy habar berdi.

Şunlukda, Günorta Koreýanyň kosmetikasynyň eksportynyň möçberi ýanwar-mart aýlarynda 2,3 milliard dollara deň boldy, bu bir ýyl öňdäkiden 21,7 göterim artykdyr. Şeýle-de, bu ähli birinji çärýekler boýunça iň ýokary görkezijidir.

Birinji çärýekde iň köp kosmetika harytlary Hytaýa ugradyldy, eksport 610 mln dollara ýetdi. Ondan soňra 380 mln dollar görkeziji bilen ABŞ, 240 mln dollar görkeziji bilen Ýaponiýa we 150 mln dollar görkeziji bilen Wýetnam gelýär.

Maglumatlara görä, Günorta Koreýanyň ýüz idegi önümleri görkezilen döwürde 175 ýurda satyldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň