Soňky habarlar

Arhiw

«Yupekchi» Türkmenistanyň söwda toplumynyň sergisinde alkogolsyz içgileriniň köp sanly görnüşlerini hödürleýär

12:1503.04.2024
0
15727

Şu günler Aşgabatda geçirilýän Türkmenistanyň söwda toplumynyň sergisinde alkogolsyz içgileriň meşhur öndürijisi «Yupekchi» önümleriniň köp sanly görnüşlerini hödürleýär.

Serginiň myhmanlary «Bold», «Bulvar», «7gen», «Real», «Buzz», «Pökgi», «Hoşal», «Näzli» haryt nyşanly miwe şireleri, gazlandyrylan içgiler we sowuk çaýlar bilen tanşyp bilerler.

«Yupekchi» Türkmenistanda alkogolsyz içgileriň öňdebaryjy öndürijileriniň biridir. Kompaniýa 2015-nji ýylda esaslandyryldy we bu döwürde ýokary hilli önüm öndüriji hökmünde abraý gazandy.

«Yupekchi» hojalyk jemgyýeti yzygiderli ösýär we kämilleşýär. Türkmen öndürijisi halkara sergilerine işjeň gatnaşýar we hemişe ýokary baha mynasyp bolýar.

«Biziň kompaniýamyz gazanan üstünliklerine buýsanýar. Biz milli we halkara derejesinde köp sanly baýraklaryň eýesi.

Geljekde önümlerimiziň gerimini giňeltmegi we täze bazarlara çykmagy meýilleşdirýäris» diýip, «Yupekchi» HK-nyň wekili belledi.

Sergi 3-5-nji aprel aralygynda Söwda-senagat edarasynyň binasynda geçirilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň