Soňky habarlar

Arhiw

Tokioda sakura gülledi

11:1030.03.2024
0
12915
Tokioda sakura gülledi
Surat: gazeta.ru

Düýn, annada Ýaponiýanyň paýtagtynda sakuranyň (wişnýa) gülleme möwsümi başlandy, bu barada TASS habarlar gullugy ýurduň milli meteorologik edarasyna salgylanyp habar berdi.

Möwsüm Ýasukuni sintoistik ybadathanasyndaky gözegçilik sakura agajynda ilkinji näzik gülgün gülleriň bäşisi peýda bolandan soňra yglan edildi.

Bu ýyl Tokioda sakuranyň güllemegi howanyň sowamagy bilen baglylykda, ortaça görkezijiden bäş gün giç başlandy. Uzak Gündogar wişnýasy aprelde doly güllär.

Ýaponiýada bäş gülýaprakly sakura güli ýurduň resmi däl milli gerbi hasaplanýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň