Ozal habar berşimiz ýaly, Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Änew şäheriniň medeniýet öýünde 27-nji martda «Gadymy Änew medeniýeti» atly halkara ylmy maslahat geçirildi. Onuň umumy mejlisiniň çäklerinde ýygnananlar ady rowaýata öwrülen Rafael Pampelliniň çowlugy Luiza Pampelliniň ýatlamalaryny uly gyzyklanma bilen diňlediler.
Bellenilişi ýaly, Rafael Pampelliniň zähmeti netijesinde Änew medeniýeti dünýäde meşhurlyga eýe boldy we ylmy adalgalaryň sözlügine hemişelik girdi. 1904-nji ýylda geçirilen arheologik gazuw-agtaryş işleriniň barşynda üsti açylan täze açyş şol döwür üçin haýran galdyryjy waka öwrüldi. Arheologiýa ylmynyň ösüşine uly goşant goşan bu barlaglar häzirki günde-de adamzadyň taryhyny öwrenmekde uly ähmiýete eýedir.
Çykyşynyň ahyrynda Luiza Pampelli şöhratly taryhyna hem-de Rafael Pampelliniň we türkmen halkynyň baý medeni mirasyny öwrenmäge bimöçber goşant goşan beýleki meşhur alymlaryň ýagty ýadygärligine hormat bilen garaýandyklary üçin Türkmenistanyň Prezidentine we türkmen halkynyň Milli Liderine, ähli türkmenistanlylara hoşallygyny beýan etdi.
Amerikanyň Birleşen Ştatlaryndan gelen alym Luiza Pampelli:
«Gadymy Änew medeniýeti» atly halkara ylmy maslahata Pampellileriň maşgalasynyň adyndan wekilçilik etmek meniň üçin mertebedir. Şu ýyl garry atam R.Pampelliniň Änewde eden arheologik açyşyna 120 ýyl dolýar. Bu senäniň Änew şäheriniň «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi bilen gabat gelmegi uly mana eýedir.
Türkmenistanda, esasan hem, Änewde meniň garry atam Rafael Pampelliniň 1903-1904-nji ýyllarda alyp baran arheologik barlaglarynyň netijelerine, ýagny bu ýerde ýüze çykarylan gadymy medeniýetiň yzlaryna häzirki wagta çenli ylym üçin gymmatly açyş hökmünde baha berilýär. Rus serkerdesi A.W.Komarowyň 1888-nji ýylda «Nowosti» gazetinde Zakaspiý arheologik ýadygärlikleri hakynda toplan maglumatlary barada neşir edilen makalasy ony bu ekspedisiýa ruhlandyrypdyr. Änewdäki iri arheologik barlagyň dowamynda garry atam R.Pampellä onuň ýanýoldaşy, garry enem Eliza hem ýaranlyk edipdir. Garry enemiň aldyran fotosuratlary arkaly bu ylmy ekspedisiýa bilen giňişleýin tanyşmak bolýar. Olar gazuw-agtaryş işleri döwründe Seýit Jemaleddin metjidine hem baryp görüpdirler. Käbir ýatlamalarynda Eliza Pampelli ahalteke atlarynyň wepalylygyna, çydamlylygyna, ýyndamlygyna, gözelligine degişli öwgüli sözleri galdyrypdyr. R.Pampelli ekspedisiýa hakda «Türküstanyň gözlegleri» atly hasabatynda: «Biziň gazuw-agtaryş işlerimiz taryhy 10 müň ýyl bilen ölçenilýän medeni gatlagy ýüze çykardy» diýip ýazypdyr. Gazylyp alnan topragyň düzüminden tapylan bugdaý we arpa däneleriniň galyndylarynyň şweýsariýaly paleobotanige iberilmegi ylmy açyşyň möhüm tapgyry boldy. Netijede, Änewiň ak bugdaýyň watanydygy subut edildi.
Änew medeniýeti adamzat taryhynda gymmatly açyşlara goşant goşmagyny dowam etdirýän baý medeni mirasy öz içine alýar. Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowyň bu barada giňişleýin söhbet açýan «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitabynda adamzat siwilizasiýasynyň irki ojagyny dünýä aýan etmekde uly hyzmaty bitiren garry atam R.Pampelliniň-de adynyň hormat bilen agzalmagy diýseň begendirdi.
Şu gezekki giň wekilçilikli ylmy maslahatyň dowamyndaky çykyşlarda hem onuň alyp baran işleriniň soňky ýyllarda täze maglumatdyr açyşlar bilen üstüniň ýetirilendigine göz ýetirdik — diýip, «Türkmenistan» gazetine beren interwýusynda belleýär.