Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň we Özbegistanyň daşary işler ministrleri telefon arkaly söhbetdeş boldular

09:4826.03.2024
0
7091
Türkmenistanyň we Özbegistanyň daşary işler ministrleri telefon arkaly söhbetdeş boldular
Surat: mfa.uz

2024-nji ýylyň 25-nji martynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Özbegistan Respublikasynyň daşary işler ministri Bagtyýor Saidow bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi. Bu barada Özbegistanyň daşary syýasat edarasy habar berdi.

Taraplar iki ýurduň arasyndaky çuňňur strategiki hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de giňeldilmegine, 2024-nji ýyldaky iş meýilnamasyna, şeýle hem halkara guramalaryň arasyndaky hyzmatdaşlyga aýratyn üns berdiler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň