Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Mintimer Şaýmiýew Gurbanguly Berdimuhamedowy Nowruz baýramy bilen gutlady

06:2223.03.2024
0
5549

Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň ilkinji Prezidenti Mintimer Şaýmiýewden türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna Nowruz baýramy mynasybetli gutlag haty gelip gowuşdy. Bu barada TDH habar berýär.

"Çuňňur hormatlanylýan Gurbanguly Mälikgulyýewiç!

Sizi türki halklaryň gadymy baýramy — bahar paslynyň gelmegini hem-de tebigatyň janlanmagyny alamatlandyrýan Nowruz baýramy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Gadymy döwürlerden bäri Nowruz Günüň nuruny, parahatçylygy hem-de täze asylly işleriň amala aşyrylmagyny alamatlandyrýar. Bu baýram doganlyk türki halklaryň arkalaşygy ýaly köp milletlere degişli bolup, dürli öwüşgine eýedir.

Size berk jan saglyk, uzak ömür, bagtyýarlyk, abadançylyk hem-de rowaçlyk arzuw edýärin" diýip, Mintimer Şaýmiýew Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygyna iberen gutlag hatynda ýazýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň