Soňky habarlar

Arhiw

Özbegistanyň Prezidenti Türkmenistanyň Prezidentini Nowruz baýramy bilen gutlady

07:2020.03.2024
0
12261

Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew Nowruz baýramy mynasybetli Serdar Berdimuhamedowa gutlag iberdi. «Türkmenistan» gazetiniň şu günki sanynda çap edilen gutlagda şeýle diýilýär:

«Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç!

Size we Türkmenistanyň dostlukly halkyna bahar paslynyň, täzelenişiň hem-de ýaşaýşyň dabaralanmagynyň baýramy bolan Nowruz baýramy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglarymy, iň gowy arzuwlarymy beýan etmek mende uly kanagatlanma duýgusyny döredýär. Gadymy taryhy, baý hem-de gaýtalanmajak gözelligi, çuňňur filosofik many-mazmuny bilen tapawutlanýan Nowruz biziň umumy däp-dessurlarymyzy, asyrlaryň jümmüşinden gaýdýan ýörelgelerimizi we gymmatlyklarymyzy aýdyň beýan edýär.

Ýüzýyllyklaryň dowamynda dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerinde doly sazlaşykda ýaşaýan biziň halklarymyz bu nurana baýramy aýratyn ruhubelentlik, päk arzuw-niýetler bilen garşylaýarlar.

Özara saparlaryň, ýokary derejede ynanyşmak dialogynyň işjeňleşdirilmeginiň hasabyna biziň köptaraplaýyn we uzak möhletleýin hyzmatdaşlygyň gerimini has-da giňeldip biljekdigimize hem-de strategik hyzmatdaşlygy düýpgöter täze derejä çykarjakdygymyza ynanýaryn.

Şu bagtyýar, nurana günlerde, gadyrly Serdar Gurbangulyýewiç, Size berk jan saglyk, maşgala bagtyýarlygyny, jogapkärli döwlet işiňizde uly üstünlikleri, doganlyk türkmen halkyna bolsa parahatçylyk, abadançylyk we mundan beýläk-de rowaçlyk arzuw edýärin!».

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň