Türkmen wekiliýeti Ýewropa Bileleşiginiň ýokary derejeli ýolbaşçylary bilen duşuşyklary geçirer

21:3018.03.2024
0
14565

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti 17 – 19-njy martda Belgiýada gulluk iş saparynda bolýar.

Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň habar bermegine görä, türkmen wekiliýeti saparynyň dowamynda Ýewropa Bileleşiginiň, Ýewropa Geňeşiniň, Brýuselde ýerleşýän halkara guramalaryň, degişli ministrlikleriň, bölümleriň, Belgiýanyň söwda we ykdysady gurluşlary, işewür toparlary, şeýle hem ýewropaly kompaniýalaryň birnäçesiniň ýolbaşçylary bilen duşuşyklary geçirer.

Geçiriljek duşuşyklaryň gün tertibine laýyklykda, Türkmenistanyň köptaraplaýyn hyzmatdaşlyk meýdançalarynda özara gatnaşyklaryny giňeltmek, Belgiýa bilen syýasy, diplomatik, söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek, şeýle-de ýewropaly işewür toparlar bilen gatnaşyklary işjeňleşdirmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň