Soňky habarlar

Arhiw

Koreýaly alymlar täze azyk önümini döretdiler

11:3216.03.2024
0
12633
 Koreýaly alymlar täze azyk önümini döretdiler
Surat: kazpravda.kz

Günorta koreýaly alymlar topary täze azyk önümini işläp düzdüler. Gürrüň et bilen tüwiniň gibridi barada barýar diýip, «24KZ» ýazýar.

Ony döretmek üçin sygyr eti, tüwi we balyk jelatini ulanylýar. Täze önüm tagamy we düzümi babatda tüwili sygyr etini ýatladýar, emma onda has köp belok we ýag bar.

Hünärmenler «tüwietiň» kosmonawtlar, harbylar, şeýle-de azyk kynçylyklary dowam edýän ýurtlaryň ýaşaýjylary üçin ýaramly boljakdygyny belleýärler. Täze azyk önüminiň bir kilogramynyň bahasy 2 dollar. Ony ýetişdirmek üçin 10 gün gerek.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň