Türkmenistanyň Ahal welaýatynda kuwwatlylygy 1 million tonna bolan ýene bir sement zawody ulanyşa berler

11:4414.03.2024
0
27628

Şu ýyl Türkmenistanyň Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynda ýene bir täze sement zawody işe giriziler. Bu barada Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Lebap sement zawodynyň ikinji tapgyrynyň ulanmaga berilmegi mynasybetli dabarada mälim etdi diýip, TDH habar berýär.

Ahal welaýatyndaky täze önümçilik desgasy häzirki zaman innowasiýa tehnologiýalary bilen enjamlaşdyrylar we ýylda 1 million tonna sement öndürmäge ukyply bolar.

«Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň senagatçylarynyň geljekde-de ýurdumyzy ösen döwlete öwürmekde, alnyp barylýan gurluşyklary we ilatymyzy ýokary hilli gurluşyk önümleri bilen bökdençsiz üpjün etmekde tutanýerli zähmet çekjekdiklerine, döwletimiziň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmaga mynasyp goşant goşjakdyklaryna berk ynanýaryn» diýip, Prezident Serdar Berdimuhamedow belledi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň