«Däp» brendi durmuşyny özgertmegi isleýänler we adaty bolan stili kabul edip bilmeýänler üçin — täze URBAN kolleksiýasyny hödürleýär. Bu däp-dessurlaryň, häzirki zaman stiliniň we özünde etniki özboluşlylygy jemleýän milli öwüşginleriň bitewüligini emele getirýändigi bilen tapawutlanýar.
«Däbiň» wekiliniň belleýşi ýaly, bu kolleksiýa üçin köne Tolkuçka bazary ylham çeşmesi bolup hyzmat edipdir. Bu ýerde halylar gözelligi we täsinligi bilen öz aralarynda misli bäsleşýän ýaly. Olardaky gara, sary, gyzyl reňkli aýdyň nagyşlar — çöl peýzažyny janlandyrmak we bezemek üçin döredilen ýaly. Şemala yranýan haly ýüpleri we el ýaglyklar Gündogar bazarynyň özüne maýyl edýän näzik sazyny döredýär, ýadaw satyjylaryň bolsa alyjylary harytlarynyň ýokary hillidigine şo-ol ynandyrmaga çalşyp duran keşpleri... Bularyň ählisi täze çeper eser mysaly özboluşly brend kolleksiýasynyň göze gelüwli bolmagyna esas bolýar.
Bu janly hem reňkdar öwüşginler bilen hakydalara dolýan kartina dizaýnerleriň döredijiliginden orun alyp, täze kolleksiýada öz beýanyny tapypdyr.
Täze URBAN kolleksiýasynda gözüňi aýryp bolmaz derejede ünsüňi çekýän owadan žiletler, ýubkalar, erkekleriň we zenanlaryň jalbarlary, köýnekler, futbolkalar we penjekler bar. Kolleksiýa nepislik, özboluşlylyk hem-de öňden düşünjelerde ýaşaýan türkmen nagyşlarydyr gölleri bilen täze şäher stilini döredýär.
«Däp» brendiniň geýimlerini brendiň Aşgabat şäherinde ýerleşýän öz dükanlaryndan satyn alyp bilersiňiz:
- «Berkarar» SDAM, 2-nji gat, C-37A dükany;
- «Aşgabat» SDAM, B-1.32 dükany.
Şeýle-de geýimleriň assortimenti bilen tanyşmak we sargyt etmek üçin «Däp» brendiniň sosial media ulgamyndaky sahypasyna girip ýa-da (+993 61) 85 77 70 telefon belgisine jaň edip bilersiňiz.