Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmen wekiliýeti Katar Atçylyk federasiýasynyň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

12:3117.02.2024
0
42148

15 – 17-nji fewralda Katar Döwletiniň paýtagty Doha şäherinde «Emiriň gyljy» atly halkara bäsleşik-festiwaly geçirilýär. Bu halkara çärä Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň rektory P.Baýramdurdyýewiň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýet gatnaşýar. Bu barada Türkmenistanyň daşary syýasat edarasy habar berýär.

Çäräniň çäklerinde Türkmenistanyň wekiliýeti Kataryň Atçylyk federasiýasynyň Baş sekretary Şeýh Ahmad bin Nuh Al-Tani bilen duşuşdy. Hususan-da, taraplaryň arasynda işjeň gatnaşyklary ýola goýmak arkaly bedewleri ýetişdirmek we atçylyk sporty boýunça özara tejribe alyşmak babatynda iki ýurduň arasynda uly mümkinçilikleriň bardygy bellenildi.

Şeýle hem, Türkmenistanyň wekiliýeti «Al Şakab» Atçylyk merkezinde weteranariýa ugry boýunça hünärmenler bilen duşuşyk geçirdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň