Türkmen diplomaty Wengriýanyň resmi adamlary bilen ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşdy

10:4708.02.2024
0
24130

Türkmenistanyň Wengriýadaky ilçisi (oturýan ýeri Wena şäheri) Hemra Amannazarow Wengriýanyň Milli mejlisiniň başlygynyň orunbasary Şandor Ležak we Wengriýanyň Prezidentiniň diplomatik geňeşçisi Kristof Altuş bilen gepleşik geçirdi. Duşuşygyň maksady ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň köp sanly meselesini ara alyp maslahatlaşmakdan ybarat boldy diýip, Türkmenistanyň Awstriýadaky diplomatik wekilhanasy habar berýär.

Gepleşikleriň dowamynda taraplar syýasy, söwda, ykdysady we medeni gatnaşyklar barada durup geçdiler. Iň ýokary derejede özara saparlary guramaga, talyp alyş-çalşyna we parlamentara gatnaşyklarynyň roluna aýratyn üns berildi.

2024-nji ýylda görnükli türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy bellenilýär. Şunuň bilen baglylykda, Wengriýada türkmen medeniýetine we mirasyna bagyşlanan dabaraly çäreler geçiriler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň