Ozal habar berşimiz ýaly, şu gün – 26-njy ýanwarda Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi.
Mejlisiň barşynda ýurduň medeniýet ulgamyna gözegçilik edýän wise-premýer M.Mämmedowa şu ýylyň fewral aýynda geçiriljek esasy çäreleriň we medeni-durmuş maksatly binalaryň açylyp ulanmaga berilmeginiň tertibi barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, 2024-nji ýylyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip yglan edilmegi, beýik türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli, indiki aýda dürli döredijilik duşuşyklaryny, brifingleri, mediaforumlary, okuw maslahatlaryny, sergileri, sanly ulgam arkaly ylmy-usuly maslahatlary, wagyz-nesihat çärelerini, aýdym-sazly dabaralary geçirmek meýilleşdirilýär. Şeýle-de çeper okaýyşlary guramak, dürli bäsleşikleri yglan etmek, ozal yglan edilen bäsleşikleriň jemini jemlemek hem-de sportuň dürli görnüşleri boýunça ýaryşlary geçirmek göz öňünde tutulýar.
Hasabatda şanly seneler we täze desgalaryň açylmagy mynasybetli geçiriljek medeni çärelere taýýarlyk görlüşi barada-da aýdyldy.
Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Türkmenistanda köp sanly medeni-durmuş maksatly binalaryň ulanmaga beriljekdigini, şeýle hem birnäçe dabaraly çäreleriň geçiriljekdigini belledi.
Döwlet Baştutany wise-premýere fewral aýynda göz öňünde tutulan çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegi tabşyrdy.