Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Serd­ar Berdimuhamedow nobatdaky Hökümet me­jlisini geçirdi

22:1926.01.2024
0
18798
Serd­ar Berdimuhamedow nobatdaky Hökümet me­jlisini geçirdi
Surat: tdh.gov.tm

Şu gün — 26-njy ýanwarda Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Bu barada «Watan» habarlar gep­leşiginde habar berildi.

Mejlisde döwlet durmuşyna degişli ileri tutulýan meselelere garaldy.

Hökümet mejlisinde, ilk­i bilen, Türkmenistanyň Mejlisiniň Baş­lygy D.Gulmanowa söz ­berildi. Ol ýurtda amala aşyrylýan kanun çykaryjylyk işi barada maglumat berdi. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda adam hukuklarynyň we azatlyklarynyň goraglylygyny üpjün etmegiň hukuk binýadyny has-da pugtalandyrmak, raýat-hukuk gatnaşyklaryny kämilleşdirmek, energiýany tygşytlamak we energiýadan netijeli peýdalanmak, gidrometeorologiýa işiniň hukuk esaslaryny kesgitlemek bilen baglanyşykly Türkmenistanyň kanunlarynyň taslamalaryny taýýarlamak boýunça işler alnyp barylýar. Şunuň bilen birlikde, Türkmenistanyň Maşgala we Raýat iş ýörediş kodekslerine degişli üýtgetmeler we goşmaçalar girizilýär. Birnäçe kanunlaryň kadalary döwrüň talaplaryna laýyk getirilýär.

Milli parlamentiň ýolbaşçysy daşary ýurtlar we halkara guramalar bilen gatnaşyklary ösdürmegiň çäklerinde görülýän anyk çäreler, deputatlaryň alyp barýan işleri, gatnaşýan çäreleri barada hem aýtdy.

Prezident Serdar Berdimuhamedow milli kanunçylygy mundan beýläk-de kämilleşdirmek boýunça işleri dowam etmegiň wajypdygyna ünsi çekdi.

Soňra wise-premýerler­ hem-de Türkmenistanyň Ministrler Ka­binetiniň ýanyndaky U­lag we kommunikasiýal­ar agentliginiň Baş d­irektory gözegçilik e­dýän düzümlerinde aln­yp barylýan işler, pu­daklary mundan beýläk­-de ösdürmek ugrunda durmuşa geçirilýän çä­reler, ozal berlen tabşyryklaryň ýerine ýe­tirilişi, degişli ugurlar boýunça öňde boljak­ çäreler, olara görülýän taýýarlyk işleri barad­a hasabatlary berdile­r.

Wise-premýer, daşary işler ministri R.Meredow döwlet Baştutanynyň tabşyrygy boýunça Türkmenistanyň wekiliýetiniň 21 — 24-nji ýanwarda Ýaponiýa amala aşyran iş saparynyň netijeleri barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutany hasabatlar­y diňläp, ýurduň dürl­i toplumlarynda, mill­i ykdysadyýetiň pudak­larynda alnyp barylýa­n işler, halkara gatn­aşyklar, öňde boljak ­çäreler, pudaklary mu­ndan beýläk-de ösdürm­ek ugrundaky wezipele­r bilen baglylykda, d­egişli ýolbaşçylara a­nyk tabşyryklarydyr görkezmeleri berdi.

Mejlisde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe möhüm meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow Hökümetiň sanly ulgam arkaly geçirilen nobatdaky mejlisini jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglygyny, maşgala abadançylygyny, ýurduň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň