Top.Mail.Ru

Türkmen wekiliýeti Brýusselde durnukly ulag arabaglanyşygy boýunça «Global Gateway» maýa goýum forumyna gatnaşar

11:4013.01.2024
0
43335

Şu ýylyň 29-30-njy ýanwarynda Belgiýa Patyşalygynyň Brýussel şäherinde geçiriljek Ýewropa bilen Merkezi Aziýanyň arasynda durnukly ulag arabaglanyşygy boýunça “Global Gateway” maýa goýum forumyna türkmen wekiliýetiniň gatnaşmagyna taýýarlyk görülýär. "Watan" habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, bu barada şu gün — 12-nji ýanwarda sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisinde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýewiň hasabatynda aýdyldy.

Bellenilişi ýaly, çäräniň çäklerinde Ýewropanyň birnäçe kompaniýalary bilen hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga we ulag ulgamynda bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmäge gönükdirilen gepleşikleri hem-de işewürlik duşuşyklaryny geçirmek göz öňünde tutulýar.

Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Türkmenistanyň ulag ulgamyny ösdürmek üçin ähli zerur şertleriň döredilýändigini, bu ugurda halkara guramalar bilen degişli işleriň geçirilýändigini belledi.

Döwlet Baştutany Brýussel şäherinde geçiriljek Ýewropa bilen Merkezi Aziýanyň arasynda durnukly ulag arabaglanyşygy boýunça maýa goýum forumyna türkmen wekiliýetiniň gatnaşmagyny üpjün etmegiň zerurdygyny aýdyp, Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýewe forumyň çäklerinde «Türkmenistanyň ulag toplumynyň maýa goýum mümkinçilikleri» atly plenar ýygnagy ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmegi tabşyrdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň